Türkmen halk döredijiligini öwretmek
Orta mekdeplerde geçilýän edebiýat dersi gyzykly we täsirli sapaklaryň biri bolmak bilen, halk döredijiligi öwrenilende, okuwçynyň ýadynda oňat galar ýaly, geçilýän temanyň has täsirli bolmagy üçin döwrebap we işjeň usullardan peýdalanmak zerurdyr.
5-nji synplarda edebiýatdan halk döredijiliginiň ertekiler görnüşini geçenimizde, okuwçylara, ilkinji nobatda, ertekini labyzly okap berýäris. Soňra ertekini gyzykly edip gürrüň berýäris, bu usul olaryň temany çalt kabul etmegine ýardam edýär. Sapakda okuwçylar üçin iň täsirli ýeri hem ertekiniň gahrymanlaryny häsiýetlendirmek ýa-da janlandyrmak bolup, olar şunda ýagşy we ýaman häsiýetli gahrymanlary tapawutlandyrmagy başarýarlar. Ertekiniň dowamyndaky wakalaryň barşynda okuwçylarda bilesigelijilik häsiýeti ýüze çykyp bilýär. «Akpamyk», «Dört dost», «Akylly Ahmet», «Ýüz tylla» ýaly ertekileri geçenimizde, mugallymyň ertekini gyzyklandyryp gürrüň bermegi okuwçylary ertekini özbaşdak doly okamaga höweslendirýär. Ertekini gyzykly soraglar arkaly berkitmäge çalyşýarys. Şonda okuwçylaryň wakanyň yzygiderliligini ýatda saklamak başarnygy ýüze çykýar we ertekini öýde özbaşdak okamaga bolan islegi artýar. Şeýlelikde, okuwçylar öý işleriniň esasyny synpda özleşdirýärler. Has zehinli we bilesigeliji okuwçylar ertekini çalt okap, ahyrynda wakalaryň çözülişini bilesi gelip, ony doly okap çykmaga çalyşýarlar. Netijede, okuwçy temany çalt özleşdirýär. Mugallymyň bu usuly ulanmagy okuwçyny has-da işjeňleşdirýär.
«Akpamyk» ertekisi iň gyzykly türkmen halk ertekileriniň biridir. Munda wakalar täsirli beýan edilip, okuwçylaryň sapaga ünsüni çekmek aňsat bolýar.
Umuman, mugallym sapagy guramaga döredijilikli çemeleşse, okuwçylaryň ünsüni sapaga çekmäge we olaryň derse gyzyklanmasyny artdyrmaga täsir edýär.
Altynjemal REJEPOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 144-nji orta mekdebiň mugallymy.



















