Köpdillilik diplomatiýasy: ynanyşmak we özara düşünişmek
Ýaşlar barada döwlet syýasaty ýaş nesliň bilimli, zähmetsöýer, watansöýüji we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrundaky belent maksatlara gönükdirilýär. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanmagy bu ugurda işleriň yzygiderli häsiýete eýediginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.
Maksatnamanyň esasy ugurlary ýaşlarda ylym-bilime, ösen tehnologiýalara bolan gyzyklanmany ösdürmek, olaryň ýurduň durmuşynyň dürli ugurlaryna işjeň gatnaşmagy üçin şertleri döretmek ýaly wezipeleri öz içine alýar. Bu ugurlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçen ýylyň 17-nji oktýabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy bilen baglanyşyklydyr. Strategiýada ýokary hünär biliminiň hilini, halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly wezipeler kesgitlenýär.
Öňde goýlan asylly maksatlara ýetmekde, wajyp wezipeleriň çözülmeginde ýaşlara daşary ýurt dilleriniň göwnejaý öwredilmegine aýratyn orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zamanyň ýaş hünärmenleri diňe bir öz ugrundan bilimli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejede tejribe alyşmaga hem ukyply bolmalydyr. Dilleri suwara bilmek şeýle mümkinçiliklere giň ýol açsa, halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek bu işleriň netijeliligini artdyrýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ýaşlar syýasaty, köpdillilik diplomatiýasy, ylym we bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky pikir-garaýyşlaryny halkara münberlerde yzygiderli beýan edip, asylly başlangyçlary öňe sürýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň oktýabrynda Awazada, Bakuwda we Ýerewanda geçirilen ýokary derejeli halkara duşuşyklarda eden çykyşlarynda hem şeýle wajyp başlangyçlar aýdyň beýanyny tapdy. Bu garaýyşlar häzirki dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, halklaryň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak we umumy meseleleriň çözgüdini tapmak üçin syýasy erk bilen birlikde bilim, ylym, medeniýetara gatnaşyklaryň hem-de ýaşlaryň döredijilik kuwwatynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, şeýle hem GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan bolsa, Bakuwda ýaşlar diplomatiýasyny ösdürmek, akademiki alyşmalary giňeltmek we halklaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmek bilen bagly teklipler öňe sürüldi. Ýerewanda bolsa tebigaty goramak, ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tejribeleri netijeli peýdalanmak we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşynda Halkara köpdillilik diplomatiýasy gününi yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürüpdi. Bu teklip halkara gatnaşyklarda medeniýetara dialogy ösdürmäge, halklaryň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, dilleriň hem-de medeniýetleriň köpdürlüligine hormat goýmagy ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilendir. Diplomatiýa, köplenç, döwletleriň arasynda gepleşik geçirmek, ylalaşyklary gazanmak we özara bähbitleri utgaşdyrmak sungaty hökmünde düşündirilýär. Onuň düýp özeninde bolsa adamlaryň biri-birine düşünmäge bolan ukyby ýatyr. Käte bir pikiriň dogry beýan edilmegi, bir sözüň ýerlikli saýlanmagy ýa-da başga medeniýetiň aýratynlygyna düşünilmegi gepleşikleriň netijesine täsir edip bilýär. Şonuň üçin dil diňe bir habar bermegiň serişdesi bolman, eýsem, ynsanperwer garaýyşlary ýakynlaşdyrýan we özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýol açýan möhüm guraldyr. Şeýle başarnyklaryň ähmiýeti häzirki döwürde barha artýar. Ylmy açyşlar, tehnologiýalar, sanly çözgütler we ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlary döwletleriň arasynda maglumat alyşmagyň giňelmegini talap edýär. Daşary ýurt dilini bilýän ýaş hünärmen dünýäniň ylmy çeşmelerinden peýdalanmaga, halkara taslamalara gatnaşmaga, öz ýurdunyň tejribesini beýleki ýurtlaryň hünärmenlerine ýetirmäge has giň mümkinçilik alýar.
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilim edaralarynda dil öwretmegiň yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň binýadyny emele getirdi. Şonuň esasynda okuw-usulyýet üpjünçiligini kämilleşdirmek, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlamak, innowasion usullary ulanmak we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Soňky ýyllarda bu ugurdaky işleriň çäklerinde BMG-niň resmi dillerinde we türkmen dilinde elektron sözlükleriň, mobil goşundylaryň döredilmegi, milli röwüşdäki täze okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy möhüm ädim boldy. Şeýle mümkinçilikler ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegini ýeňilleşdirmek bilen birlikde, olara berilýän bilimi halkara standartlara laýyk getirmäge hem ýardam edýär.
Bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bu işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrýar. Elektron serişdeler, interaktiw okuw platformalary, ses we wideo materiallary, uzak aralykdan bilim almak mümkinçilikleri dili diňe ders hökmünde öwrenmekden daşary gündelik we özbaşdak bilim almagyň hem düzüm bölegine öwürýär. Şu jähetden, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň öňünde hem möhüm wezipeler durýar. Institut daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleri taýýarlamak bilen birlikde, dilleri okatmagyň täze usullaryny öwrenýän, ylmy-pedagogik tejribäni ösdürýän, dürli medeniýetleriň arasynda özara düşünişmegi ilerledýän bilim ojagy hökmünde çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan, döwrüň we jemgyýetiň talaplaryndan ugur alnyp, institutda daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullaryna we tehnologiýalaryna bagyşlanan maslahatlardyr duşuşyklar yzygiderli guralýar. Şeýle ylmy-usuly çäreler mugallymlara dünýä tejribesini öwrenmäge, öz usulyýetlerini deňeşdirmäge, täze pedagogik çemeleşmeleri we garaýyşlary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyplaryň öwrenýän dillerini ylmy gözleglerde, hünär taýýarlygynda we jemgyýetçilik işlerinde netijeli ulanmagy üçin amatly şertler döredilýär. Halkara ylmy maslahatlara gatnaşmak, daşary ýurtly talyplar we mugallymlar bilen tejribe alyşmak, ylmy çeşmeleri özbaşdak öwrenmek ýaşlaryň dil başarnyklaryny baýlaşdyrýar. Ýakynda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň köpdilli bilim boýunça duşuşygynyň hem bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirmäge özboluşly goşant bolandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklar boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň hyzmatdaşlygynda geçirilen maslahatda sebitiň ýurtlarynyň bilim ulgamyndaky tejribeleri, köpdilli bilim bermegiň usullary, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, okuw-usuly serişdeleri kämilleşdirmek we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, bu ugurda halkara tejribeleri öwrenip, täze gözýetimleri açmak, dünýä dillerini bilýän, giň dünýägaraýyşly ýaş hünärmenleri kemala getirmek üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Maksat ÇARYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.



















