Çagalaryň iň gowy dosty
Çagalar — biziň geljegimiz. Kitap bolsa çagalaryň aňyna akyl-paýhas siňdiriji, dünýägaraýşyny giňeldiji gymmatlyk. Ol — her bir terbiýe berijiniň esasy kömekçisi. Şunuň bilen baglylykda, kitap okamagy özüne hemra edinen çagany terbiýeleýän ata-ene öz ýagty geljeginiň binýadyny şu günden berkarar edendir.
Il arasyndaky pähimli aýtgylaryň birinde «Akylyň bolmasa, nakyla uý» diýip ündelýär. «Ata-babalarymyzyň aýtmadyk, diýmedik zady ýok», «Könekiler şeý diýipdir» ýaly sözler, salgylanmalar gürrüňçilikde häli-şindi gaýtalanyp dur. Şunda kitaplar könekileriň akyl we zehin kuwwatyny artdyran ýakyn dosty hem-de gymmatly ruhy serişdesi bolup hyzmat edipdir. Bu ruhy baýlygyň gymmatyna düşünen türkmen gojasy onuň bahasyna öz guba düýesini rowa görüpdir.
Türkmenleriň ylym adamsyna uly sylag bilen garamagy ata-babalarymyzdan galan ýörelgeleriň dowamydyr. Halk pähiminde «Köp ýaşan köp bilmez, köp okan köp biler» diýip aýdylýar. Şeýle parasatly pähimden ugur alyp, her bir ata-ene çagada heniz ýaşlykdan kitap okamak endiklerini kemala getirmäge çalyşmalydyr. Psihologlaryň aýdyşy ýaly, çaga maşgalada ulularyň hereketini gaýtalaýar. Şonuň üçin-de tejribeli pedagoglar çagany terbiýelemek işini özüňden başlamalydygyny ündeýärler. Bu kitap okamak endigini kemala getirmekde hem şeýledir. Çaga bilen bilelikde okamak, gyzykly hekaýatlarydyr ertekileri gürrüň bermek, muzeýlere we kitaphanalara äkitmek olaryň bilesigelijiligini artdyrmaga, täze zatlary öwrenmäge bolan islegini kanagatlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem ata-enäniň gijelerine çaga uka gitmezden ozal ertekileri, başdangeçirmeleri aýdyp bermegi maşgalada asylly ýörelgä öwürmäge çalyşmaly. Hünärmenleriň bellemegine görä, soňy oňyn çözgüt bilen gutarýan şeýle gürrüňler çagada rahatlyk duýgusyny oýarýar we ata-ene bilen baglanyşygy berkidýär. Onuň her gün täze hekaýanyň ýa-da ertekiniň gürrüň berilmegine garaşmagy bilesigelijiligini artdyrýar.
Kiçi ýaşly çagalar bilen owadan we uly suratlar ýerleşdirilen, mazmuny gyzykly, dili ýeňil bolan kitaplary okamakdan başlamak has ýerliklidir. Bu olaryň kitapda gürrüň edilýän wakalary, maglumatlary çalt özleşdirmegine kömek edýär.
Häzirki zaman çagalaryň tehnikanyň we tehnologiýanyň ösen döwründe ýaşaýandygyny nazara alyp, olary elektron kitaphanalaryň mümkinçilikleri, muzeýlere guralýan wirtual gezelençler bilen tanyşdyrmak has-da ähmiýetlidir. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyza giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi her bir ata-enäniň çagada kitap okamak bilen bagly endikleri kemala getirmeginde döwrebap ýardamçy bolup hyzmat edýär. Elektron kitaphanalaryň üsti bilen çagalary dünýäniň iň seýrek nusgaly neşirleri bilen hem tanyşdyryp bolýar.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tabşyryklary esasynda gözel Diýarymyzyň dürli künjünde kitap dükanlary, giň gerimli kitaphanalar gurlup, olar ilata ýokary derejeli hyzmaty ýerine ýetirýärler. Zamanabap ösüşleriň mekany — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda her bir çaganyň asuda durmuşda ýaşamagy, döwrebap şertlerde bilim-terbiýe almagy ugrunda ählitaraplaýyn alada edilýär. Döwlet tarapyndan edilýän şol aladalaryň we tagallalaryň ýerine düşüp, kitaby söýýän, okamaga, öwrenmäge höwes bildirýän çagalaryň terbiýelenip ýetişdirilmegi bolsa biziň Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň girewine öwrülýär. Goý, çagalygyň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ülkesinde elmydama şadyýan gülki sesleri ýaňlanyp dursun!
Selbi HALMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.



















