Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Bu çäre mynasybetli ähli ýerlerde täze bag nahallary oturdylyp, ozal ekilen baglara ideg etmek işleri geçirilýär. Güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy güni halypa mugallymlaryň göreldesine eýerip, paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebinde bilim alýan okuwçylar hem mekdebiň çägindäki bag meýdançalarda baglara ideg etmek babatda degişli işleri geçirdiler. Okuwçylar bag nahallaryna ideg edip, ýan-ýodalarda tämizlik işlerini ýerine ýetirdiler.
Meşhur şahyrymyz Gara Seýitliýewiň goşgusynda: "Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar" — diýlip, bellenýär. Bilşimiz ýaly, bag barada birnäçe pähimler, atalar sözleri hem döräpdir. Gorkut atanyň “Bir nahal ekseň, ömrüň baky”, “Bir şahany döwdügiň eliňi ýa aýagyňy döwdügiňdir” ýaly pähimleri, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda hem bag barada birnäçe paýhasly sözler görkezilýär. “Agaç barly bolsa başy aşak”, “Agaç bolan ýerde pudak synar”, “Bag barsyz bolmaz, at timarsyz”, “Bag ekeniňki, ýap çekeniňki” ýaly pähimleri okanymyzda baglaryň durmuşymyzdaky möhüm ornuna göz ýetirýärsiň.
Umumymilli bag ekiş çäresinde dürli miweli, saýaly, gyrymsy agaç nahallaryny oturdylýar. Bu ählihalk hereketi Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň maksatlary bilen utgaşýar, Häzirki wagtda ýurdumyzda oňyn ekologiýa şertleriniň döredilmegi, tokaýlaryň durnukly dolandyrylmagy hem-de olaryň bioköpdürliliginiň goralyp saklanylmagy boýunça toplumlaýyn maksatnama durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda yzygider geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary Diýarymyzyň daşky gurşawyny goramakda wajyp ähmiýete eýe bolup durýandyr.
Sülgün Hojamyradowa,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komitetiniň “Olimp”
orta sport mekdebiniň mugallymy



















