Başymyň jygasy tahýa
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gulpajyklaryny tasadyp, mekdepden gelýän gültahýaly gyzjagazlary, akgaýma tahýaly oglanjyklary göreniňde, ýurdumyzyň ykbalyny ynanyp boljak ýaşlaryň kemala gelýändigine göz ýetirýärsiň. Çünki Watana bolan söýgi türkmendigiňe bolan buýsançdan başlanýar. Türkmen halkynyň döreden ajaýyp gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri türkmen tahýasydyr.
Irki döwürlerde ene-mamalarymyz oýlanyp, pikirlenip, zehin eleginden eläp, türkmeniň milliliginiň, edep-ekramynyň, agraslygynyň nyşany bolan ajaýyp tahýalarymyzy döredipdirler.
Başgap her bir halkyň milli aýratynlygyny görkezýän nyşanlaryň biridir. başgaplaryň öz gymmatyny ähli döwürlerde saklamagy başarandygyny görmek bolýar. Türkmeniň boýdan-başa nagyşlanan tahýasyny arzylamagy hem ýöne ýere däl. Onuň her bir nagşy, her bir reňki türkmene mahsus häsiýetleri, türkmençilik ýörelgelerini, ýagşy arzuw-dilegleri özünde jemleýär.
Irki döwürlerden türkmende erkek kişilerem, zenanlaram, çagalaram başgapsyz göz öňüne hem getirilmändir. Ilkinji nobatda, gyzy hem, oglany hem tahýa edepli görkezýär. Ýaşulularyň ýanynda başgapsyz gezmek türkmen gyzyna-da, oglanyna-da utanç hasaplanýar. Başgap maşgala agzalarynyň her biriniň şol ojakdaky derejesini, birek-birege goýulýan hormaty aňladýan çelgileriň biri bolupdyr.
Türkmen halkynda erkek adamlar üçin niýetlenen tahýa akgaýma tahýasy diýilýär. Tahýa çykarylman, elmydama geýlipdir. Oňa şeýle bir öwrenişilipdir welin, ony käbir sebäplere görä çykaraýmaly bolanda hem özlerini oňaýsyz duýupdyrlar.
Çaga dünýä inenden, enelerimiz oňa ýumşajyk çile börük geýdiripdirler. Ol ulaldygyça, onuň başgaplaryna salynýan owadan keşdeler, dakylýan şaý-sepler hem köpelipdir. Tahýajyklara salynýan her bir nagşyň çuňňur manysy bolup, olar çaganyň geljekde ilhalar ynsan bolup ýetişmegi arzuw edilip keşdelenipdir.
Gaýma — ol nokatly tikin bolup, gaýma bilen tahýalary, köýnekleriň ýakalaryny keşdeleýärler. Akgaýma tahýa diýilmegi onuň, esasan hem, ak sapak bilen gaýma usulynda keşdelenýänligi sebäplidir.
Akgaýma tahýa türkmen ýigidiniň mertligini, batyrlygyny, merdemligini aňladýar. Onuň çür depesine «gülýaýdy», «goçak» nagyşlary keşdelenýär. «Gülýaýdy» nagşy nesil dowamatyny, köpelip örňäp gitmekligi aňladýar. Ýigidiň yzyny dowam etdirjek perzentleriniň bolmagyny enelerimiz elmydama dileg edip, «gülýaýdyny» diňe bir akgaýma tahýa däl, eýsem, sallançak kilimlerine, sep palaslara hem salýarlar.
«Goçak» nagşy bolsa iň gadymy nagyşlaryň biri bolup, ähli milli egin-eşiklerimizi, haly-kilimlerimizi, keçelerimizi bezeýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, «goçak» nagşy dag goçuny alamatlandyrýar. Halkymyzda kert gaýalaryň çür depesinde gezýän dag goçy diňe bir güýçli jandar hasaplanman, eýsem, ol «ömür daragtynyň» goragçysy, älem serhetleriniň sakçysy, rysgal-berekediň, bolelinligiň nyşany hasaplanypdyr. Türkmen halkynda berdaşly, batyr ýigitlere «goç ýigit», «goçum» diýlip ýüzlenilmegi hem şu garaýyşlardan gözbaş alýar.
Tahýanyň depesinde «gülýaýdynyň» ortasyna Günüň şekili keşdelenýär. Gün başlangyjy alamatlandyryp, geşmişde ýeňşiň, mertligiň nyşany hasaplanypdyr. Günüň ýeňşe ýetirýändigine ynanylypdyr. Akgaýma tahýasynda Güni alamatlandyrýan nyşanlar juda kän. Onuň durşuna ak sapaklar bilen keşdelenmegi hem türkmen ýigidiniň her bir işiniň ýeňişlere, üstünliklere beslenjekdigini alamatlandyrýar.
Akgaýma, gültahýalaryň ählisiniň depesiniň sekize bölünmegi, akgaýma tahýasynyň etegine «sekiz keşde» nagşynyň keşdelenmegi sekizligiň halkymyzyň ruhy dünýäsinde uly orun eýeleýändigini görkezýär. Halylara, kilimlere salynýan «çarhypelek» gölüniň esasyny hem sekiz şöhleli ýyldyz düzýär.
Ene-mamalarymyzyň gyzjagazlarymyz üçin niýetlenen gültahýany hem çuňňur manyly nagyşlar salyp keşdeländiklerini aýratyn bellemek zerur. Gyz türkmen ojagynda açylmadyk güle, gunça deňelýär. Gültahýanyň tutuşlygyna gül pürkülen ýaly edilip keşdelenmegi älem-jahanyň baky güllemegini, baharyň bakylygyny, ýaşaýşyň dowamlylygyny aňladýar.
Gültahýa türkmen gyzynyň owadanlyk, agraslyk, millilik nyşanydyr. Gupbaly, çekelikli, gültahýaly türkmen gyzy her bir ojakda asyllylygyň, edep-ekramyň, utanç-haýanyň baýdagyny göterijidir.
Gültahýanyň etegine salynýan «tegbent» nagşy hem üns bermäge mynasypdyr. Ol «tegelek bent» diýmegi aňladýar. Ýagny bu tahýany geýen gyzy gözden-dilden gorasyn diýen ýagşy niýet bilen salynýar. Tahýanyň etegine, gyrasyna goýy ýaşyl ýüpekden jähek salynýar. Tahýa başda ykjam durar ýaly, gyrmyzy gyzyl ýüpekden işilip, jähegiň gyrasyna ýörmelýär.
Her bir işde elinden dür dökülýän türkmen gyzlary bu gün hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň tuguny türkmen ýigitleri bilen deň derejede ähli ulgamda belentde parladýarlar. Enäniň ýagşy niýetlerine beslenen akgaýma, gültahýalaryny geýen türkmen gyzyna we oglanyna elmydama üstünligiň, ýeňşiň, bagtyň ýaran boljakdygyna ynanýarys.
Türkmendigine buýsanýan, döwrebap bilimli we ylymly ýaşlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi öňe alyp gitjek egsilmez güýçdür. Goý, elmydama türkmeniň altyn jygasy bolan akgaýma, gültahýalar geljekki alymlaryň, şahyrlaryň, ýazyjylaryň, lukmanlaryň, mugallymlaryň, nano-biotehnologlaryň, inženerleriň we ýene-ýene şeýle beýik ynsanlaryň başyny bezesin!
Aýna BAÝMURADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň doktoranty, taryh ylymlarynyň kandidaty.



















