Türkmenistanyň howa boýunça başlangyçlary sebit we ählumumy abadançylygy nazarlaýar
Häzirki zaman dünýäsi ösüşiň täze mümkinçilikleri bilen bir hatarda, tutuş adamzadyň geljegine täsir edýän çylşyrymly meseleler bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar. Şolaryň arasynda howanyň üýtgemegi aýratyn orun eýeleýär. Ol indi diňe bir ekologik mesele bolman, eýsem, ykdysady ösüş, azyk we suw howpsuzlygy, energetika, jemgyýetçilik saglygy, durmuş abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşykly ählumumy wezipä öwrüldi. Şoňa görä-de, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek diňe bir döwlet edaralarynyň ýa-da ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň işi bolman, eýsem, ylym-bilim ulgamynyň, jemgyýetiň we her bir adamyň umumy jogapkärçiligidir.
Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylyň 9 — 20-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahaty (COP31) halkara hyzmatdaşlygyň möhüm wakalarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 10-11-nji noýabrda Türkiýede iş saparynda bolup, bu halkara forumyň çäginde geçirilen Liderler sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleleriň çözgüdine işjeň gatnaşýandygyny, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we anyk teklipleri öňe sürmäge ygrarlydygyny görkezdi. Milli Liderimiziň “COP31” maslahatynyň belent münberinden eden çykyşy Türkmenistanyň ekologik diplomatiýasynyň esasy ugurlaryny, sebit we ählumumy derejedäki başlangyçlaryny özünde jemledi.
Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda öňe sürlen bäş sany halkara başlangyç aýratyn ähmiýete eýedir. Olaryň hatarynda 2028 — 2037-nji ýyllary BMG-niň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek, Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmek, howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamak, howa tehnologiýalaryny bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmek, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak baradaky teklipler bar. Bu başlangyçlaryň mazmuny diňe bir häzirki ekologik wezipeleri çözmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletleriň mümkinçiliklerini birleşdirmäge, bilimleriň we tehnologiýalaryň elýeterliligini giňeltmäge, halkara hyzmatdaşlygyň hukuk hem-de guramaçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Şeýle garaýyş Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ynsanperwer mazmuny bilen hem sazlaşýar. Çünki howanyň üýtgemegi ählumumy mesele bolup, onuň netijelerini azaltmak üçin ynanyşmak, özara goldaw we bilelikdäki jogapkärçilik zerurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň teklipleri hem ekologik hyzmatdaşlygy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine gönükdirýär. Bu babatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi aýratyn bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen bu merkeziň 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda öz işine başlamagy göz öňünde tutulýar. Ol sebit ýurtlarynyň suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, metan zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça tejribe alyşmagyna ýardam berer. Merkezi Aziýa üçin umumy bolan ekologik meseleleriň çözgüdinde ylmy maglumatlara we döwrebap tehnologiýalara daýanýan hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr.
“COP31” maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) bilelikde guramagynda geçirilen «Howa baradaky maglumatlardan tehnologiýalara: Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini berkitmek» atly mowzuklaýyn mejlis hem bu hyzmatdaşlygyň mazmunyny açyp görkezdi. Mejlisiň esasy mazmuny howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlary toplamakdan, seljermekden we barlamakdan başlap, olary anyk tehnologik çözgütlere öwürmek, halkara hasabatlylygyň hilini ýokarlandyrmak meselelerini öz içine aldy. 2015-nji ýylda kabul edilen Pariž ylalaşygynda göz öňünde tutulan Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasy döwletleriň howa boýunça alyp barýan çäreleri we gazanýan netijeleri barada ygtybarly, açyk hem-de deňeşdirip bolýan maglumatlary hödürlemegini talap edýär. Munuň üçin bolsa diňe bir degişli kadalaşdyryjy resminamalar däl, eýsem, kämil maglumat ulgamlary, tehniki enjamlar, hünärmenler we ylmy esaslandyrylan seljeriş usullary zerurdyr.
Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işler halkara hyzmatdaşlyk bilen utgaşdyrylýar. FAO-nyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň goldawy bilen durmuşa geçirilýän taslama milli edaralaryň guramaçylyk-tehniki mümkinçiliklerini berkitmäge, parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň sanawyny taýýarlamaga, howanyň üýtgemegine garşy çäreleriň netijeliligine gözegçilik etmäge gönükdirilendir. 2026-njy ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Dördünji milli habarnamasynyň jemleýji görnüşiniň hödürlenmegi hem maglumatlaryň ulgamlaýyn esasda jemlenmeginde möhüm tapgyr boldy. Mejlisiň dowamynda agrometeorologik gözegçiligi döwrebaplaşdyrmak, sanly maglumat platformalaryny ösdürmek, emeli hemra arkaly zondirleme tehnologiýalaryny peýdalanmak, oba hojalygynda suw we serişde tygşytlaýjy çözgütleri ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Häzirki wagtda ekologik meseleleriň netijeli çözgüdi ylmyň we bilimiň işjeň gatnaşmagyny talap edýär. Howanyň üýtgemegi baradaky maglumatlary diňe toplamak ýeterlik däldir. Olary dogry düşündirmek, geljekki ýagdaýlary ylmy taýdan çaklamak, töwekgelçiliklere baha bermek we netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak zerurdyr. Munuň özi bolsa täzeçe pikirlenýän, halkara tejribelerden habarly, sanly tehnologiýalary özleşdiren hünärmenleri taýýarlamagy wajyp talap hökmünde öňe çykarýar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň esasy wezipesi hem döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly, halkara hyzmatdaşlyga ukyply ýaşlary terbiýelemekden ybaratdyr. Howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş, ekologik diplomatiýa we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, olary ylmy taslamalara çekmek, ýaş alymlaryň halkara maslahatlara gatnaşmagyny giňeltmek geljegiň möhüm talaplarydyr. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň ylmy edaralar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi ylmy barlaglaryň netijelerini amaly esasda peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
“COP31” maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň ýaýbaňlandyrylmagy hem ýurdumyzyň ekologik syýasatynyň we gazanan tejribesiniň halkara jemgyýetçilige ýetirilmeginde ähmiýetli boldy. Onda «ýaşyl» gurluşyk, suw we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar, metan zyňyndylaryny azaltmak, ekologik taýdan arassa önümçilik, tebigaty bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler görkezilýär. Milli pawilýonda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserine orun berilmegi bolsa türkmen halkynyň tebigata bolan gadymy hormatynyň ylmy garaýyşlar bilen utgaşýandygynyň özboluşly beýany boldy. Forumyň çäklerinde halkara guramalar bilen bilim, çagalar we ýaşlar, energiýa geçişi, suw serişdelerini dolandyrmak hem-de daşky gurşawy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlyk resminamalarynyň baglaşylmagy hem bu gatnaşyklaryň anyk işlere gönükdirilýändigini görkezdi.
Umuman, “COP31” maslahatynyň mazmunyndan görnüşi ýaly, howanyň üýtgemegine garşy göreş diňe bir şu günüň ekologik zerurlygy bolman, geljek nesilleriň öňündäki ahlak we ynsanperwerlik borjumyzdyr. Şol borjy ýerine ýetirmek üçin döwletleriň syýasy erki, halkara guramalaryň goldawy, ylmyň gazananlary we bilimiň döredijilik güýji bir maksada gönükdirilmelidir. Türkmenistanyň halkara başlangyçlary, Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän ynsanperwer garaýyşlary we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan işler hem hut şu maksada — tebigat bilen sazlaşykly ösüşe, ekologik abadançylyga we parahat geljege hyzmat edýär.
Biz, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýaş nesliň aňynda tebigata aýawly garamak medeniýetini, ylma daýanýan pikirlenişi we umumadamzat meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegi ösdürmegi özümiziň möhüm wezipämiz hasaplaýarys. Çünki tebigaty goramak diňe bir daşky gurşawy däl, eýsem, adamyň ýaşaýyş şertlerini, jemgyýetiň geljegini we ösüşiň ynsanperwer mazmunyny goramakdyr.
Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ählumumy abadançylygyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Maral KULIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.



















