Belent ynamyň eýeleri
Düýn Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, ylymda we bilimde, döredijilikde has-da tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Zähmetiňe goýulýan sarpany duýmak — bagtlylykdan nyşan. Biz hem baýrakdan paýly ýaşlaryň käbirine söz nobatyny berýäris.
— Hoş habaryň gelen pursady, ilki bilen, kakamyň ýylgyryp duran keşbi hyýalymda janlandy. Kakam goşgy ýazýanyma begenerdi we durmuşda öz ornumy galamym bilen tapjakdygyma ynanardy. Şygyrlarym çap bolan metbugat neşirleriniň tas ählisini welaýat merkezimizdäki poçta nokatlaryndan alyp, çaý başynda okardy. Harby gullukçynyň maşgalasynda önüp-ösemsoň, talyp döwürlerim «Esger» gazetinde zähmet çekdim. Watan öňündäki gulluk borjumy hem «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynda berjaý etdim.
Bu gün kalbymda mukaddeslik Tugy bolup parlaýan Watanymyza, ene topragymyza, oba sähramyza bolan söýgimi mugallym hökmünde okuwçylarymyza siňdirmäge çalyşýaryn. Olara neneň-niçik ahwala düşeniňde hem, Watan topragyna sygynyp, derde derman tapyp bolýandygyny, türkmenleriň öňem, häzirem Ýer ýüzünde şöhratly halk bolup tanalýandygyny düşündirýärin. Zähmetimiň miwesini mekdep okuwçylarymyzyň döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji bolan pursatlarynda-da duýýaryn.
Ýaş mugallym hökmünde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgada mynasyp bolan günüm bolsa, altmyşyň onlugyny arka atan mähriban käbämiň göwni guş bolup uçdy. Beýik Biribar şeýle günlerde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür bersin!
Gurbanmyrat SARYÝEW,
Sakarçäge etrabyndaky 45-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy



















