Milli tehnologik ösüşiň möhüm ugurlary
Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, emeli aňyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, sanly ulgamlaryň kiberhowpsuzlygyny güýçlendirmek, maglumatlary goramak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ygtyýarly edara kesgitlenilip, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary, konsepsiýalar we milli maksatnamalar kabul edildi. Häzirki wagtda bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Konsepsiýanyň çäklerinde sanly infrastrukturany giňeltmek, döwlet dolandyryşynda we hyzmatlar ulgamynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz sanly ulgam bilen emeli aň tehnologiýalarynyň arasyndaky tapawudy seljermegiň, kiberhowpsuzlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygyny nygtady. Şunda täze programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak boýunça ýaşlar bilen pikir alşylmalydygyny aýdyp, olaryň startaplarynyň, täze işläp taýýarlamalarynyň işjeň ornaşdyrylmalydygy barada degişli tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan kesgitlenen bu wajyp wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilkinji nobatda, sanly ulgamyň, emeli aňyň hem-de kiberhowpsuzlygyň özenine, özara baglanyşygyna çuň düşünmegi talap edýär.
Sanly ulgam diýlende maglumatlary elektron görnüşde ýygnamak, saklamak, gaýtadan işlemek we geçirmek üçin niýetlenen tehniki serişdeleriň, programma üpjünçiliginiň we aragatnaşyk torlarynyň özara baglanyşykly toplumy göz öňünde tutulýar. Muňa mysal hökmünde bellesek, biz haýsydyr bir bankyň ykjam telefonlar üçin niýetlenen programma goşundysyndan peýdalanyp, telefon belgimiziň hasabyna ýa-da başga biriniň hasabyna töleg geçirýäris. Bu amal diňe telefonda bolup geçmeýär. Onuň aňyrsynda internet birikmesi, bankyň serwerleri, maglumat binýatlary we dürli görnüşli programma üpjünçilikleri işleýär. Maglumatlar bir ýerden başga bir ýere geçirilýär, barlanýar, diňe şondan soňra degişli amal ýerine ýetirilýär. Edil şonuň ýaly, aragatnaşyk torlary, elektron hökümet hyzmatlary, hassahanalaryň maglumat ulgamlary, bilim platformalary hem sanly ulgamlaryň aýrylmaz bölegidir. Sanly ulgamyň gerimi näçe giňese, geçirilýän we saklanýan maglumatlaryň, ýerine ýetirilýän amallaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurlygy hem şonça artýar.
Soňky ýyllarda tehnologiýa dünýäsinde «emeli aň» diýen düşünje aýratyn meşhurlyga eýe boldy. Käbir adam ony diňe adam bilen gepleşýän programma üpjünçiligi ýa-da tekst ýazýan, suratlary we wideoşekilleri işläp taýýarlaýan kompýuter hökmünde göz öňüne getirýärler. Aslynda bolsa emeli aňyň mümkinçilikleri munuň bilen çäklenmeýär. Emeli aň adaty, kesgitli algoritm esasynda, diňe berilýän buýruga görä işleri ýerine ýetirýän programma üpjünçiliklerinden tapawutlylykda, maglumatlardan öwrenýän, seljerme geçirýän, çaklama berýän we üýtgeýän şertlere görä, iň amatly hereketi saýlap bilýän «akylly» tehnologiýalaryň toplumydyr.
Emeli aňyň esasy aýratynlygy onuň maglumatlary adama garanyňda has çalt seljerip bilmegidir. Şonuň üçin ol lukmançylykda, bank ulgamynda, önümçiligiň dürli ugurlarynda, ulaglarda, aragatnaşykda giňden ulanylýar. Ýöne emeli aňy ýalňyşmaýan «akylly» ulgam hökmünde kabul etmek nädogrudyr. Onuň çykarýan netijeleri ulanylýan maglumatlaryň hiline, maşynlara öwretmek algoritmleriniň mümkinçiliklerine we çözülýän meseläniň çylşyrymlylygyna baglydyr.
Kiberhowpsuzlyk — sanly dünýäniň gorag galkany bolup, sanly ulgamlaryň ösüşi bilen birlikde, kiberhowpsuzlygyň ähmiýeti hem günsaýyn artýar. Kiberhowpsuzlyk kompýuterlere, serwerlere, aragatnaşyk torlaryna we elektron maglumatlara rugsatsyz girmekden, olaryň bikanun eýelenmeginden, üýtgedilmeginden ýa-da zyýan ýetirilmeginden goramaga gönükdirilen çäreleriň toplumydyr. Kiberhowpsuzlygyň wezipesi diňe hüjümden soňky boljak zyýany aradan aýyrmak bolman, abanýan howpy öz wagtynda we öňünden ýüze çykarmak, onuň ýaýramagynyň öňüni almak, sanly hyzmatlaryň durnukly işlemegini üpjün etmekdir.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde emeli aňyň we onuň bir bölegi hasap edilýän maşynlary öwretmek modelleriniň ulanylmagy aýratyn ähmiýete eýe. Sebäbi häzirki zaman torlarynda maglumat alyş-çalşygynyň möçberi örän uly. Müňlerçe enjamyň hereketine, millionlarça maglumat alyş-çalşygyna adam tarapyndan yzygiderli gözegçilik etmek kyn. Emeli aň bolsa şeýle maglumatlary awtomatik seljerip, adaty ýagdaýdan tapawutlanýan hereketleri ýüze çykarmaga kömek edýär. Has möhümi, emeli aň diňe öňden belli kiberhüjümleriň alamatlaryny tanamak bilen çäklenmän, öň duş gelmedik adaty däl hereketleri hem ýüze çykarmaga ukyply. Elbetde, her bir adaty däl herekete kiberhüjüm diýip bolmaz. Şonuň üçin kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde emeli aň ulanylanda ýüze çykarylan ýagdaý hünärmenler tarapyndan barlanylýar.
Kiberhowpsuzlykda emeli aň diňe bir gorag serişdesi hökmünde hyzmat etmeýär. Bu tehnologiýanyň başga bir tarapy hem bar. Emeli aňyň kiberhüjümlerden goranmakda ulanylyşy ýaly, ondan betpäl maksatlar üçin hem peýdalanylyp bilinýär. Häzirki wagtda käbir kiber jenaýatlary amala aşyran toparlaryň emeli aňdan peýdalanandyklary barada resmi maglumatlar bar. Bu ýagdaý emeli aňyň mümkinçilikleriniň diňe oňyn maksatlar bilen çäklenmeýändigini görkezýär. Şonuň üçin onuň ösüşi bilen birlikde, howpsuz we jogapkärçilikli ulanylmagy hem möhüm mesele bolup durýar.
Emeli aňyň kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde goşmaça serişde hökmünde ulanylmagy diňe nazary pikir ýa-da ylmy garaýyş däl. Häzirki wagtda bu ugurda dürli kompaniýalar we guramalar tarapyndan iş ýüzüne geçirilen çözgütler hem bar. Internet çeşmelerinde Kanadanyň «TRJ Telecom» kompaniýasynyň «Darktrace» emeli aň tehnologiýasyndan peýdalanýandygy barada maglumatlar berilýär. Şeýle maglumatlar emeli aň tehnologiýasynyň kiberhowpsuzlygy üpjün etmek üçin möhüm ugurlaryň birine öwrülýändigini görkezýär.
Alymlaryň we hünärmenleriň çaklamalaryna görä, sanly ulgamlaryň geljekde diňe maglumatlary geçirmek we saklamak bilen çäklenmän, eýsem, öz ýagdaýyna gözegçilik edýän, bolup biljek töwekgelçilikleri öňünden kesgitleýän, bu ugurda degişli çäreleri teklip edýän «akylly» sanly ulgamlara öwrülmek ähtimallygy hem ýokary. Ýöne häzirlikçe iň kämil emeli aň ulgamy hem adam tarapyndan amala aşyrylýan tehniki gözegçiligiň, ygtybarly tehniki serişdeleriň toplumyny we howpsuzlyk düzgünlerini takyk ulanmagyň ornuny doly çalşyp bilmeýär. Hut şu ýagdaýlardan ugur alnyp, häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurdaky mümkinçilikleri ykdysadyýetiň ösüşine, raýatlaryň zerurlyklaryna gönükdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Saparguly SARYGULOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ylmy işler boýunça prorektory.



















