Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlaryň sözi
— «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Şu ýyl maňa arzuw eden ýokary okuw mekdebimiň — Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi.
Watanymyz — arzuwlaryň hasyl bolýan mekany. Diýarymyz — bagtyýar ýaşlaryň mesgeni. Ýurdumyzda diňe bir toýlar gelende däl, eýsem, arzuwlar hasyl bolanda hem goşa-goşadan bolýar. Ine, bu şanly ýylda men hem «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen ada mynasyp görüldim. Şeýle hormatly ada eýe bolmagym ukyp-başarnyklarymy mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda zähmet çekmegi dowam etmäge itergi berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy». Biz — ýaşlara şeýle uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Aýgül HUDAÝBERDIÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi:
Çeşmesi: Biznes reklama gazeti



















