Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlaryň sözi
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşlere ýol açýar.
Bitarap Watanymyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny höweslendirmek, olaryň başlangyçlaryny goldamak maksady bilen, her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli dürli pudaklarda zähmet çekýän hem-de bilim alýan ýaş raýatlarymyza Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşurylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şolaryň arasynda meniň hem bolmagym durmuşymda uly bagtdyr.
Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, saýlan hünärleriniň ussatlary bolup ýetişmegi, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy hem-de Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň gülläp ösüşi ugrunda alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Uzukjemal BÄŞOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi:
Çeşmesi: Biznes reklama gazeti



















