Maliýe dersi boýunça halkara internet olimpiadasy
Golaýda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda maliýe dersi boýunça III açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa türkmenistanly talyplar bilen birlikde Azerbaýjanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň hem-de Oman Soltanlygynyň ýokary okuw mekdepleriniň 72-sinden jemi 268 talyp gatnaşdy.
Maliýe dersi boýunça geçirilen III açyk halkara internet olimpiadasy ýaşlaryň innowasion tehnologiýalary, maliýe çemeleşmelerini ulanmakdaky ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge, şeýle hem milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän şertlerinde bilim tehnologiýalaryny netijeli ulanmaga hem-de çylşyrymly maliýe meselelerini özbaşdak çözmegi başarýan zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär. Ol ýaşlaryň maliýe ugry boýunça nazary bilimlerini we amaly başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň ykdysady düşünjesini ösdürmek, özara tejribe alyşmak hem-de sagdyn bäsdeşlik ruhuny kemala getirmek babatda möhüm meýdança öwrüldi.
Olimpiada gatnaşan talyplar kärhananyň balans peýdasyny, maşgala býujetini, maýa goýum düşewüntliliginiň netijeliligini, şahsy girdejini, paýnamanyň maýa goýum girdejililigini, býujete tölenmeli salgydyň möçberini hasaplamak boýunça berlen meseleleri özbaşdak ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň çekeleşikli geçmegi ylmy we amaly meseleler boýunça amatly dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge ukyply ýaşlaryň bilim derejeleriniň döwrüň ösen talaplaryna kybap gelýändigini äşgär etdi. Gatnaşyjylaryň görkezen netijeleri ýaş nesliň ykdysady bilimlere bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny, halkara derejede özara bäsleşmäge we tejribe alyşmaga bolan isleginiň ýokarydygyny aýdyň görkezdi.
Olimpiadanyň jemleri boýunça 121 sany baýrakly orun kesgitlenildi. Gatnaşyjylaryň 24-si birinji, 41-si ikinji, 56-sy bolsa üçünji orunlara mynasyp boldy. Ýeňijileriň arasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň bolmagy hem aýratyn guwandyryjydyr. Olimpiadada Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Hususan-da, Hanmuhammet Tuwakow we Bahar Bekiýewa birinji orny, Süleýman Nuryýew ikinji orny, Jemal Bäşimowa bolsa üçünji orny eýelediler. Bu üstünlikler bilim ulgamynda gazanylýan netijeleriň, talyplaryň yhlasly zähmetiniň hem-de mugallymlaryň netijeli okuw-usulyýet işleriniň miwesidir.
Halkara olimpiada gatnaşan talyp ýaşlar ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryndan ugur alyp okamaga, öwrenmäge, döretmäge hem-de şeýle halkara bäsleşiklere gatnaşmaga ähli şertleri döredip berýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. Ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ylym-bilimli, watansöýüji, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Mährijemal HAPYZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.



















