Okuwçylara milli gymmatlyklarymyzy öwretmek
Türkmen dili we edebiýat sapaklarynda çeper eserlerden peýdalanmak arkaly okuwçylaryň diňe bir bilim derejesini ýokarlandyrmak däl, eýsem, olaryň watançylyk, ynsanperwerlik, millilige buýsanç ýaly duýgularyny hem ösdürmek mümkin.
Milli gymmatlyklar — halkyň taryhy ösüşiniň dowamynda döredilen we nesilden-nesle geçirilýän ruhy hem-de medeni baýlyklarydyr. Olara: ene dilimiz, milli däp-dessurlar, maşgala gymmatlyklary, taryhy miras, milli medeniýet, halk döredijiligi, milli sungat, edep-ekram, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly ahlak ýörelgeleri degişlidir.
Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» goşgusyny okuwçylara öwretmegiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Eserde Watana bolan söýgi, halkyň taryhyna, medeni mirasyna hormat, milli däp-dessurlaryna sarpa, agzybirlik we jebislik ýaly düşünjeler çeper suratlandyrylýar. Okuwçylar goşgynyň mazmunyny öwrenmek bilen türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, medeni mirasyna hormat goýmagy öwrenýärler.
Goşgynyň many-mazmuny öwrenilende, mugallym okuwçylaryň ünsüni eserde beýan edilýän milli gymmatlyklara gönükdirmeli. Okuwçy goşgyny diňe okap, mazmunyny gürrüň bermek bilen çäklenmän, ondaky milli düşünjeleri ýüze çykarmaly we olaryň ähmiýetini düşündirmeli. Goşgy ýatdan öwrenilenden soň, türkmen halkynyň buýsanjynyň nämelerden ybaratdygyny mugallym okuwçylardan soramaly.
Sapagyň guramaçylyk döwründe goşgyny okuwçylara ýatdan aýtdyryp, goşguda türkmen halkynyň buýsanjy bolan milli gymmatlyklarymyz barada beýan edýäris. Soňra ýylymyzyň şygaryny aýdyp, milli gymmatlygymyz bolan bedew atlar barada soramak hem goşgynyň okuwçynyň ýadynda tiz galmagyna ýardam edýär.
Okuwçylara goşgudaky milli gymmatlyklary öwretmegiň ýene bir usuly synp bilen toparlaýyn işlemekdir. Synpyň okuwçylaryny toparlara bölüp, bir topara goşgudaky watançylyk düşünjesini, ikinji topara milli däp-dessurlar bilen baglanyşykly pikirleri, üçünji topara agzybirlik, dost-doganlyk, ýene bir topara bolsa türkmeniň taryhyna buýsanç duýgularyny ýüze çykarmagy tabşyrýarys.
Häzirki zaman okuw işinde sanly we interaktiw serişdelerden peýdalanmak sapagyň täsirli bolmagyna ýardam edýär. Goşgynyň mazmunynda beýan edilýän türkmen halkynyň milli mirasy, taryhy, türkmeniň buýsanjy bolan bedewleri, wepaly alabaýy, milli senetçiligi we däp-dessurlary barada maglumatlar prezentasiýa görnüşinde görkezilýär. Her bende degişli suratly slaýdlar multimedia tagtasynyň ýüzüne çykanda, goşgynyň şol surata degişli bendini okuwça ýatdan aýtdyrmak hem olaryň özbaşdak pikirlenmek endiklerini hem-de döredijilik ukyplaryny kemala getirip, milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» goşgusyny öwretmekde, milli gymmatlyklary okuwçylaryň aňyna ýetirmekde dürli pedagogik usullardan peýdalanmak zerurdyr. Okuwçy goşgynyň mazmunyny diňe ýatda saklamak bilen çäklenmän, onda beýan edilýän milli gymmatlyklaryň manysyna düşünmelidir.
Türkmen dili we edebiýat sapaklarynda çeper eserleriň üsti bilen milli gymmatlyklary öwretmek ýaş nesliň ruhy taýdan baý, watansöýüji we milli mirasa hormat goýýan şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam edýär.
Bahar DURDYÝEWA,
Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy.



















