Sözleýşiň sanly serişdeleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly özgertmeler, beýik ösüşler gazanylýar. Bilim ulgamynda gazanylýan buýsandyryjy üstünlikler hem bellenmäge mynasypdyr. Bu ulgamda bolup geçýän özgertmelerdir ösüşler türkmen diliniň ylmy esasda öwrenilişine öz täsirini ýetirdi. Dilimiziň ulanyş gerimi has giňedi, ýerine ýetirýän hyzmatynyň çägi hem artdy.
Türkmen dili gadymy hem baý dilleriň biridir. Türkmen dili Türkmenistanyň döwlet dilidir. Häzirki edebi dilimiz türkmen umumyhalk diliniň müňýyllyklaryň dowamynda söz ussatlary tarapyndan timarlanyp, kadalaşan kämil hem milli edebi dilidir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen dili dersini sanly serişdeler arkaly okatmagyň gerimi barha giňeýär hem kämilleşýär. Ine, şular dogrusynda hem-de türkmen diliniň dürs ýazuw kadalaryny kompýuter arkaly öwretmegiň usullary barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň sözlükçilik, adalgaşynaslyk we dil medeniýeti bölüminiň uly ylmy işgäri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Ýaýlymdurdy Garaýew bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
— Söhbedimizi okatmagyň, terbiýelemegiň nazaryýeti we usulyýeti hünär ugry boýunça alyp baran ylmy-barlag işleriňiz dogrusyndaky gürrüňdeşlikden başlasak ýerlikli bolar.
— Alym Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Şeýle hem «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bularyň ählisi bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmäge, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga we okuwçylaryň durmuşy endiklerini işjeňleşdirmegiň nazary we amaly esaslaryny işläp düzmäge borçlandyrdy. Bu türkmen dili dersiniň gerimini has-da giňeltmäge we durmuş talaplary bilen aýakdaş alyp barmaga itergi bermek bilen, sözşynaslyk ylmyna degişli düşünjeleri modelleriň üsti bilen anyk häsiýete getirmäge giň mümkinçilikleri açdy.
— Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň durmuşa ornaşdyrylyşy, türkmen dili dersini sanly serişdeler arkaly okatmak barada gürrüň berseňiz.
— Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuwçylar innowasion tehnologiýalar arkaly bilim alýarlar, amaly işleri özbaşdak alyp barmaga ýöriteleşýärler. Dürli derslerde, sol sanda türkmen dili dersinde kompýuter tehnologiýalaryny sapakda peýdalanmaga bolan isleg barha artýar. Täze tehnologiýalar arkaly mugallymlaryň didaktik, okuwçylaryň bilim alyş işini we dürs ýazuw endigini tizleşdirmek, hil taýdan ýokarlandyrmak wajyp mesele hasaplanýar.
Häzirki zamanyň ylmy-tehniki ösüşleriniň gazananlaryndan peýdalanmak ähli ugurlarda, şol sanda okuwçylara orfografiýa boýunça bilim bermekde hem kömekçi serişdeleri peýdalanmagyň ähmiýetlidigini görkezdi. Durmuş hajatlarynda tehniki enjamlaryň ýokary depginde ornaşdyrylmagy bilen jemgyýetiň, şol sanda bilim ulgamynyň, umumy orta bilim berýän mekdepleriň öňünde täze-täze wezipeler bellenildi. Olar kompýuter tehnologiýalary arkaly bilim bermegiň, okuwlary guramagyň ýörelgeleridir usulyýetini kämilleşdirmegiň döwrebap esaslaryny görkezýär.
— Sözleýşe degişli düşünjeleri sanly bilim ulgamyna girizmek ýeňil düşdümi?
— Elbetde, her bir täze iş ýörelgeleri, usulyýeti we okuw maglumatlarynyň bitewi ulgamyny talap edýär. Ylmy-barlag işimizde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartynda» bellenilen wezipelerden hem-de 5-nji synpda okaýan okuwçylar üçin türkmen dili dersinden taýýarlanan okuw maksatnamasynyň mazmunyndan ugur alyndy. Şonda diliň dürs ýazuw kadalaryny kompýuter arkaly öwretmegiň esaslaryny we olaryň usullarydyr okuw serişdelerini ýüze çykarmak üçin diliň dürs ýazuw kadalaryna degişli temalaryň orfogrammalaryny kesgitlemek, olary söz düzüminde, ýagny asyl, düýp, goşma sözlerde we goşulmalarda geliş aýratynlygy boýunça beýan etmek, olar boýunça nazary we amaly maglumatlar bilen iş alyp barmagyň tehnologiýalaryny kesgitlemek köp zähmeti talap etdi.
— Okatmagyň, terbiýelemegiň nazaryýeti we usulyýeti hünär ugry boýunça ylmy-barlag işiňizde bellenilen wezipeler sözleýşiň haýsy meselelerini öz içine aldy?
— Umumybilim berýän mekdepleriň 5-nji synpynyň okuw maksatnamasy sözleýşiň dil we ýazuw görnüşi boýunça okuwçylaryň bilimdir endiklerini ösdürmegi göz öňünde tutýar. Ýöne muňa garamazdan, şol synpa degişli nazary düşünjeleri öwretmek, köplenç halatda, ýazuw düzgünleriniň üstüne syrykdyrylýar. Üstesine-de, türkmen dili sapagynda alnyp barylýan barlag işleri, okuw kitaplarynda berilýän ýumuşlar ýa-da gönükmeler dürs ýazuw bilen baglanyşykly edilip, okuwçylaryň sözleýiş endigini ösdüriji işler, belli bir derejede, unudylýar. Galyberse-de, dürs ýazuw okuwçylaryň ýetişigini we sowatlylygyny görkeziji bolup durýar.
Şoňa görä-de, kompýuter tehnologiýalary arkaly okuwçylaryň dürs ýazuw endiklerini kämilleşdirmegiň derwaýyslygy esaslandyryldy, türkmen diliniň dürs ýazuw kadalary boýunça kompýuterde ýeňilleşdirilen öwrediji programmalar ýüze çykaryldy, onuň okuwy guramakdaky mümkinçilikleri anyklanyldy, kompýuterde ýeňilleşdirilen öwrediji pogrammalaryň nusgalary döredildi hem-de kompýuter otaglarynda sapagy guramagyň usulyýeti işlenilip düzüldi.
— Kompýuterde ýeňilleşdirilen öwrediji programmalar türkmen diliniň dürs ýazuw kadalarynyň haýsy biri bilen baglanyşykly boldy?
— Synag-tejribeligine gatnaşan 5-nji synp okuwçylarynyň ýazuw we barlag işleri derňelende, hususan-da, orfografiýa degişli bolan ýalňyşlaryň agdyklyk edýändigi anyklanyldy. Netijede, türkmen diliniň dodak çekimli sesleriniň we dymyk çekimsiz sesleriniň ýazuw kadalarynyň okuw kitaplarynda beýan edilişine we usulyýetine degişli kompýuterde ýeňilleşdirilen öwrediji programmalar ýüze çykaryldy. Olaryň her biri ýurdumyzyň mekdeplerindäki kompýuter otaglarynda synag-tejribeliginden geçirildi. Synag-tejribeliginiň görkezen netijeleri oňyn häsiýetli boldy.
— Türkmen diliniň nazary esaslaryny sanly tehnologiýalar arkaly okatmagyň geljegine nähili garaýarsyňyz?
— Gahryman Arkadagymyzyňhem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hakyndaky tagallalary, bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky beýik işleri esasynda umumybilim berýän mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady barha berkeýär. Şoňa görä-de, türkmen dili dersini döwrebap esaslarda okatmagy işjeňleşdirmek üçin diliň beýleki bölümleri, şol sanda dürs ýazuwa, punktuasiýa degişli ylmy-barlaglary alyp barmak we innowasion tehnologiýalary okuw sagatlarynda ulanmak hem-de olara degişli sanly bilim serişdelerini taýýarlamak has-da peýdaly bolar.
— Türkmen diliniň ösüşinde sanly ulgamdan peýdalanmagyň ýollary, mekdepde türkmen diliniň dürs ýazuw kadalaryny kompýuter arkaly öwretmegiň usullary bilen bagly örän täsirli maglumatlary, gyzykly gürrüňleri berdiňiz. Söhbetdeşlik üçin sagbolsun aýdýarys. Mundan beýläk-de işiňizde üstünlik arzuw edýäris.
Söhbetdeşligi taýýarlan Gülzar ABAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».



















