Aşgabat
Articles
4409
DÖWLET UMUMYBILIM EDARALARYNDA ENE DILI WE EDEBIÝATDAN JEMLEÝJI DÖWLET SYNAGY ÜÇIN HÖDÜRLENILÝÄN DÜZME TEMALARY
I. Erkin temalar
1. Watan iň beýik mukaddeslikdir.
2. Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!
3. Bitaraplyk — bagtymyz.
4. Änew — gadymy şäher.
5. Enä tagzym — mukaddeslige tagzym.
6. Kitap — ruhy hazyna.
7. Dost — dostuň aýnasy.
8. Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň şäheri.
9. Mermer şäher — Aşgabat.
10. Belentde pasyrda, ýaşyl Baýdagym!
11. Halk hakydasy bakydyr.
12. Ene kalby — mähir deňzi.
13. Tebigatym — genji-känim.
14. Sagdyn durmuş — saglygyň gözbaşy.
15. Agzybirlik — döwletlilik.
16. Behişdi bedewleriň waspy.
17. Maşgala mukaddesligi.
18. Bilimli ýaşlar — Watan daýanjy.
19. ХХI asyr — tehnologiýalaryň asyry.
20. Magtymgulynyň arzuwlan zamanasy.
21. Gahrymanlar unudylmaýar.
22. Dil bilen dünýäni gezer.
23. Haly — milli guwanjym.
24. Edebi miras — terbiýe mekdebi.
25. Meniň söýgüli şahyrym.
II. Türkmen we daşary ýurt edebiýaty boýunça temalar
26. Şahyrana türkmen halk döredijiliginde watançylyk temasy.
27. Dessanlarda yşky temanyň çeper beýany.
28. «Oguznama» eseriniň häzirki zaman ähmiýeti.
29. «Görogly» eposynda gelin-gyzlaryň çeper keşbi.
30. Türkmen halk döredijiliginde milli däp-dessurlaryň orny.
31. «Şasenem — Garyp» dessanynda baş gahrymanlaryň edebi keşbi.
32. Ýunus Emräniň goşgularynda dost-doganlyk duýgulary.
33. «Nejep oglan» dessanynda aýdym-saz sungatyna sarpa.
34. Halk döredijiliginde ynsanperwerligiň beýany.
35. Garajaoglanyň döredijiliginde il-ýurt, watançylyk temasy.
36. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eseriniň öwüt-nesihatlary.
37. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde agzybirligiň we jebisligiň beýany.
38. Magtymguly Pyragynyň mertlik, adamkärçilik hakyndaky garaýyşlary.
39. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda agzybirlik temasy.
40. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ahlaklylygyň waspy.
41. Abdylla Şabendäniň «Gül — Bilbil» dessanynda Gülüň çeper keşbi.
42. Şeýdaýynyň durmuşy we ahlaky goşgularynyň çeperçiligi.
43. Mahmyt Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» eseriniň mazmuny we aýratynlygy.
44. XIX asyr türkmen edebiýatynda halkyň taryhy geçmişi.
45. Gurbanaly Magrupynyň «Ýusup — Ahmet» dessanynyň durmuşy esaslary.
46. Türkmen edebiýaty Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda.
47. Mämmetweli Keminäniň durmuşy goşgularynyň aýratynlygy.
48. Seýitnazar Seýdiniň goşgularynda watançylygyň waspy.
49. Gurbandurdy Zeliliniň watançylygy, dostlugy ündeýän goşgularynyň häzirki zaman ähmiýeti.
50. Mollanepesiň «Zöhre — Tahyr» dessanynda Tahyryň keşbi.
51. Annagylyç Mätäji — watançy şahyr.
52. Annagylyç Mätäjiniň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti.
53. Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestiniň terbiýeçilik ähmiýeti.
54. Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň baş gahrymanlary.
55. Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanynyň temasy we öňe sürýän ideýasy.
56. Aman Kekilowyň «Söýgi» romanynyň baş gahrymanlary.
57. Beki Seýtäkowyň «Doganlar» romanynda durmuşyň çeper beýany.
58. Gara Seýitliýewiň goşgularynda ahlak temasy.
59. Gurbannazar Ezizow — türkmen şygryýetiniň görnükli ussady.
60. Aleksandr Sergeýewiç Puşkin — şygyrýet äleminiň akyldary.
61. Mihail Aleksandrowiç Şolohowyň «Adamyň ykbaly» hekaýasynyň baş pikiri.
III. Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça temalar
62. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti.
63. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndaky rowaýatlaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
64. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda mugallymyň keşbi.
65. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda oba durmuşynyň çeper beýany.
66. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda türkmen milli däp-dessurlary baradaky garaýyşlar.
67. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi.
68. Garaşsyzlyk eýýamynyň şygryýetinde milli äheňler.
69. Garaşsyzlyk eýýamynyň kyssa eserlerinde täzeçillik.
70. Garaşsyzlyk eýýamynyň dramaturgiýasynda ýetilen sepgitler.
DÖWLET UMUMYBILIM EDARALARYNDA YNSANPERWERLIK-DURMUŞ BILIMLERI UGRY BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ TARYHYNDAN JEMLEÝJI DÖWLET SYNAGYNYŇ SORAGNAMALARY
1-nji soragnama
1. Türkmenistanyň taryhy dersini öwrenmegiň ähmiýeti.
2. «Açyk gapylar» syýasaty.
2-nji soragnama
1. Gadymy Horezm döwletiniň döremegi.
2. XVII asyrda türkmenleriň medeniýeti.
3-nji soragnama
1. Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşan iň gadymy adamlar.
2. Türkmenistanlylaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy.
4-nji soragnama
1. Hun döwletiniň jemgyýetçilik gurluşy.
2. Garaşsyz Türkmenistanda ulag ulgamynyň ösmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginiň ähmiýeti.
5-nji soragnama
1. Türkmenistanyň taryhynyň döwürleri.
2. Türkmenistanyň Maşgala kodeksi.
6-njy soragnama
1. Türkmenistanyň şäherleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda.
2. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň döredilmegi.
7-nji soragnama
1. Ilkinji ýer-suw özgertmesi (1921—1922 ý.).
2. Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň döredilmegi.
8-nji soragnama
1. Jeýtun medeniýeti.
2. Aba serdaryň baştutanlygynda Etrek — Gürgen türkmenleriniň erkinlik ugrundaky gozgalaňy.
9-njy soragnama
1. XVIII — XIX asyrlarda türkmenleriň ekerançylyk hojalygy.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawy.
10-njy soragnama
1. Garaşsyz Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesi syýasaty.
2. Milli däp-dessurlaryň, baýramçylyklaryň dikeldilmegi. Täze baýramçylyklar.
11-nji soragnama
1. Türkmenlerde ýer-suw eýeçiligi.
2. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary.
12-nji soragnama
1. Kelteminar medeniýeti.
2. Garaşsyz Türkmenistan — hemişelik Bitarap döwlet.
13-nji soragnama
1. Beýik Seljuk döwletiniň döremegi.
2. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy».
14-nji soragnama
1. Türkmenleriň adaty, kada-kanunlary. Şerigat.
2. Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşy.
15-nji soragnama
1. Gadymy Oguz Türkmen döwleti.
2. Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi.
16-njy soragnama
1. Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeks.
2. Türkmenistanyň harby doktrinasy we onuň goranmak häsiýeti.
17-nji soragnama
1. Etrek — Gürgen türkmenleriniň 1813-nji ýyldaky gozgalaňy.
2. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy».
18-nji soragnama
1. Altyndepe — iň gadymy şäher-döwlet.
2. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi.
19-njy soragnama
1. Sarahs söweşi (1855 ý.) we onuň netijeleri.
2. Aşgabat — Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi.
20-nji soragnama
1. Birinji we ikinji ahalteke harby ýörişleri.
2. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar.
21-nji soragnama
1. Garrygala söweşi (1858 ý.).
2. Türkmenistanyň saýlaw ulgamy.
22-nji soragnama
1. Goňurdepe — Marguşyň paýtagty.
2. Türkmenistanda köppartiýalylyk ulgamy.
23-nji soragnama
1. 1916-njy ýylyň milli azat edijilik hereketi we netijeleri.
2. Türkmen halkynyň medeni-mirasyna degişli kitaplaryň neşir edilmegi.
24-nji soragnama
1. Parfiýa medeniýeti.
2. “Bilim hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanuny (2021 ý.).
25-nji soragnama
1. Türkmenleriň Beýik Seljuk imperiýasy Soltan Sanjaryň döwründe.
2. Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň döredilmegi.
26-njy soragnama
1. Türkmenleriň mongol basybalyjylaryna garşy gahrymançylykly göreşi.
2. Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary.
27-nji soragnama
1. Parfiýa döwletiniň döremegi.
2. Türkmenistanda jemgyýetçilik guramalary we olaryň işi.
28-nji soragnama
1. Türkmenleriň Osmanly döwleti.
2. Türkmenistanyň Raýat kodeksi we onuň ähmiýeti.
29-njy soragnama
1. Beýik Mogollar döwleti. Baýram han.
2. Garaşsyz Türkmenistanda senagatyň ösüşi.
30-njy soragnama
1. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi.
2. Garaşsyz Türkmenistanda medeniýetiň ösüşi.
DÖWLET UMUMYBILIM EDARALARYNDA TEBIGY BILIMLER UGRY BOÝUNÇA HIMIÝADAN JEMLEÝJI DÖWLET SYNAGYNYŇ SORAGNAMALARY
1-nji soragnama
1. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüşi. Himiýanyň durmuşda, senagatda we oba hojalygynda orny we ähmiýeti.
2. Ion çalyşma reaksiýalary. Bufer erginler.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
2-nji soragnama
1. Erginler. Ereýjilik. Kolloid erginler. Dispers sistemalar.
2. Tebigy gaz, düzümi, häsiýetleri. Türkmenistanda gaz senagatynyň ösüşi.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
3-nji soragnama
1. Atomyň gurluşy. Atomda elektronlaryň hereketi. Elektron bulutlar. Kwant sanlary barada düşünje.
2. Bir atomly doýan spirtler. Gurluşy we atlandyrylyşy. Fiziki we himiki häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
4-nji soragnama
1. Walentlilik. Atomlaryň walent mümkinçilikleri.
2. Aminokislotalar. Gurluşy we atlandyrylyşy. Alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
5-nji soragnama
1. Himiki analiz we onuň wezipeleri. Hil we mukdar analizi.
2. Aldegidler. Gurluşy, atlandyrylyşy, alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
6-njy soragnama
1. Oksidler: toparlara bölünişi, alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
2. Alkinler, izomeriýasy, atlandyrylyşy, gurluşy, alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
7-nji soragnama
1. Himiýa dersi. Maddalar. Arassa maddalar we garyndylar. Himiýanyň adamzat durmuşyndaky, oba hojalygyndaky we senagatdaky orny.
2. Fenol: gurluşy, alnyşy, häsiýetleri. Daşky gurşawy goramak.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
8-nji soragnama
1. Suwuň talhlygy we ony aýyrmagyň usullary. Arçabil agyz suw kärhanasy.
2. Halkaly parafinler: gurluşy, atlandyrylyşy, alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
9-njy soragnama
1. Silikat senagaty. Aýna önümçiligi. Keramika önümçiligi. Sementiň öndürilişi.
2. Aminler. Gurluşy, atlandyrylyşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Anilin.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
10-njy soragnama
1. Elektroliz. Elektroliz barada düşünje. Anodda we katodda bolup geçýän himiki öwrülmeler.
2. Alkenler: gurluşy, atlandyrylyşy, alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
11-nji soragnama
1. Himiki reaksiýalaryň toparlary. Termohimiki we okislenme-gaýtarylma reaksiýalary.
2. Ýokary molekulýar birleşmeleriň himiýasy barada umumy düşünjeler. Polimerler. Daşoguzyň «Polimiz» kärhanasy.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
12-nji soragnama
1. Metallaryň periodik sistemada ýerleşişi, gurluşy, tebigatda tapylyşy we alnyşynyň umumy usullary.
2. Saharoza. Molekulasynyň gurluşy. Tebigatda tapylyşy. Fiziki we himiki häsiýetleri. «Maryşeker» kärhanasy.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
13-nji soragnama
1. Gomogen we geterogen sistemalarda reaksiýalaryň tizligi. Reaksiýalaryň tizliklerine täsir edýän şertler.
2. Alkadiýenler, gurluşy we atlandyrylyşy. Alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
14-nji soragnama
1. Metal dälleriň umumy häsiýetnamasy. Metal dälleriň okislendiriji-gaýtaryjy häsiýetleri.
2. Uglewodlar. Uglewodlaryň toparlara bölünişi. Glýukoza we onuň molekulasynyň gurluşy, himiki häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
15-nji soragnama
1. D.I. Mendeleýew tarapyndan açylan himiki elementleriň periodik kanuny we periodik sistemasy.
2. Organiki däl we organiki himiýada kataliz. Öwrülişikli we öwrülişiksiz himiki reaksiýalar.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
16-njy soragnama
1. Kristal gözenekler we olaryň görnüşleri.
2. Nebit, düzümi, häsiýetleri. Nebitiň gaýtadan işlenilişi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagatyň ösüşi. Türkmenbaşy we Seýdi şäherlerindäki nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
17-nji soragnama
1. Ýadro reaksiýalary barada umumy düşünjeler. α, β we γ — şöhlelenmeler.
2. Karbon kislotalary. Olaryň toparlary. Bir esasly doýan karbon kislotalarynyň häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
18-nji soragnama
1. Himiki deňagramlylyk. Himiki deňagramlylygyň süýşmegine täsir edýän şertler. Le-Şatelýeniň düzgüni.
2. Ýaglar, gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri. Tebigatda ýaglaryň ähmiýeti. Türkmenistanyň ýag öndürýän kärhanalary.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
19-njy soragnama
1. Himiki baglanyşyklaryň görnüşleri. Kowalent baglanyşygy.
2. Aromatik uglewodorodlar. Benzol. Gurluşy, alnyşy, häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
20-nji soragnama
1. Duzlaryň gidrolizi.
2. Alkanlar: gurluşy, atlandyrylyşy, alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
21-nji soragnama
1. Suwuň elektrolitik dissosiasiýasy. Wodorod görkezijisi (pH). Indikatorlar.
2. Köp atomly spirtler, gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
22-nji soragnama
1. Himiki baglanyşyklaryň görnüşleri. Ion, wodorod we kowalent baglanyşyklary.
2. Sellýuloza, gurluşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
23-nji soragnama
1. Dökünleriň umumy häsiýetnamasy. Dökünleriň toparlary. Dökünleri ulanmagyň kadalary.
2. Sintetiki kauçuklar. Olaryň alnyş usullary.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
24-nji soragnama
1. Metal dälleriň oksidleri. Himiki häsiýetleri. Kislorodly kislotalar.
2. Geterohalkaly birleşmeleriň umumy häsiýetnamasy.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
25-nji soragnama
1. Kislotalar: toparlara bölünişi, alnyşy, fiziki we himiki häsiýetleri.
2. Çylşyrymly efirler. Olaryň gurluşy, atlandyrylyşy, fiziki häsiýetleri, himiki häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
26-njy soragnama
1. Metallaryň oksidleri we gidroksidleri, olaryň häsiýetleri.
2. Sintetiki süýümler.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
27-nji soragnama
1. Elektrolitik dissosiasiýa. Elektrolitler we elektrolit däller. Elektrolitik dissosiasiýa derejesi.
2. Bioelementler barada düşünje. Möhüm metal däller we olaryň biologik ähmiýeti.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
28-nji soragnama
1. Uly we kiçi periodlaryň elementleriniň atomlarynyň elektron gabyklarynyň gurluşy.
2. Daş kömrüň kokslanmagy we onuň önümleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
29-njy soragnama
1. Kompleks birleşmeleriň umumy häsiýetnamasy.
2. Beloklar, düzümi, gurluşy. Fiziki we himiki häsiýetleri.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
30-njy soragnama
1. Dissosiasiýa derejesi. Güýçli we gowşak elektrolitler.
2. Krahmal, molekulasynyň gurluşy, tebigatda tapylyşy, fiziki we himiki häsiýetleri, ulanylyşy.
3. Hasaplama ýa-da tejribeli mesele.
DÖWLET UMUMYBILIM EDARALARYNDA TAKYK BILIMLER UGRY BOÝUNÇA INFORMATIKADAN JEMLEÝJI DÖWLET SYNAGYNYŇ SORAGNAMALARY
1-nji soragnama
1. Elektron tablisa barada düşünje.
2. Kompýuteriň gurluşynyň logiki esaslary.
3. Amaly ýumuş: fiziki modellere degişli amallar.
2-nji soragnama
1. Tablisa prosessory we onuň funksiýalary.
2. Simwol ululyklar.
3. Amaly ýumuş: HTML-de tekstiň ölçegi we şrifti üçin amallar.
3-nji soragnama
1. Tablisanyň düzümi: öýjükler, sütünler, setirler.
2. Simwol ululyklaryň üstünde geçirilýän amallar.
3. Amaly ýumuş: HTML-de nomerlenen sanawy almaga degişli amallar.
4-nji soragnama
1. Elektron tablisada berlenleriň görnüşleri.
2. Setir ululyklar.
3. Amaly ýumuş: HTML sahypany döretmäge degişli amallar.
5-nji soragnama
1. Berlenleri (san, tekst, formula) girizmek we redaktirlemek.
2. Setir ululyklaryň üstünde geçirilýän amallar.
3. Amaly ýumuş: ykdysady meseläni modelirlemäge degişli amallar.
6-njy soragnama
1. Öýjükleriň düzümini nusgalamak we olaryň orunlaryny üýtgetmek.
2. Informasion model barada düşünje.
3. Amaly ýumuş: HTML-de suratlary we atributlary goýmak, suratlary salgylanmalar hökmünde ulanmak amallary.
7-nji soragnama
1. Tablisalary formatlaşdyrmak.
2. Informasion modelleri ulanmak bilen informasiýalary düzümleşdirmek.
3. Amaly ýumuş: HTML-de salgylanmalara degişli amallar.
8-nji soragnama
1. Tablisada setirler we sütünler bilen işlemek.
2. Modelleşdirme.
3. Amaly ýumuş: HTML-de tablisalar bilen işlemäge degişli amallar.
9-njy soragnama
1. Otnositel we absolýut salgylanmalar.
2. Modelleşdirmegiň tapgyrlary.
3. Amaly ýumuş: tekstiň reňkini kesgitlemäge degişli amallar.
10-njy soragnama
1. Standart funksiýalaryň ulanylyşy.
2. Meseläniň formal däl we formal goýluşy.
3. Amaly ýumuş: HTML-de nomerlenen sanawy almaga degişli amallar.
11-nji soragnama
1. Berlenleri tertipleşdirmek.
2. Formallaşdyrmagyň esasy kadalary.
3. Amaly ýumuş: HTML-de salgylanmalara degişli amallar.
12-nji soragnama
1. Diagrammalary gurmak.
2. Elektron kommunikasiýalaryň dürli görnüşliligi.
3. Amaly ýumuş: ekologik modellere degişli amallar.
13-nji soragnama
1. Tablisany çapa taýýarlamak.
2. Internet torunda arabaglanyşyk.
3. Amaly ýumuş: HTML-de nomerlenen sanawy almaga degişli amallar.
14-nji soragnama
1. Pikir ýöretmäniň görnüşleri.
2. Forumlar, çatlar, bloglar, internet-peýjerler.
3. Amaly ýumuş: ekologik modellere degişli amallar.
15-nji soragnama
1. Pikir aýtmagyň algebrasy.
2. Sosial torlar.
3. Amaly ýumuş: fiziki modellere degişli amallar.
16-njy soragnama
1. Logiki aňlatmalar we çynlyk tablisalary.
2. Arhiwleýji programmalar.
3. Amaly ýumuş: tekstiň reňkini kesgitlemäge degişli amallar.
17-nji soragnama
1. Logiki funksiýalar.
2. Kiber hüjümlerden faýl sistemasyny goramak.
3. Amaly ýumuş: HTML-de tablisalar bilen işlemäge degişli amallar.
18-nji soragnama
1. Logiki kanunlar we logiki aňlatmalary özgertmegiň düzgünleri.
2. Sifr gurluşlary.
3. Amaly ýumuş: HTML-de nomerlenen sanawy almaga degişli amallar.
19-njy soragnama
1. Logiki meseleleri çözmek.
2. Sifr gurluşlary kompýuter bilen bilelikde ulanmak.
3. Amaly ýumuş: ykdysady meseläni modelirlemäge degişli amallar.
20-nji soragnama
1. Pikir ýöretmäniň görnüşleri.
2. Kiber hüjümlerden faýl sistemasyny goramak.
3. Amaly ýumuş: HTML sahypany döretmäge degişli amallar.
21-nji soragnama
1. Elektron tablisa barada düşünje.
2. Kompýuteriň gurluşynyň logiki esaslary.
3. Amaly ýumuş: programmirleme gurşawynda proseduralary we funksiýalary peýdalanmaga degişli amallar.
22-nji soragnama
1. Tablisa prosessory we onuň funksiýalary.
2. Simwol ululyklar.
3. Amaly ýumuş: HTML sahypany döretmäge degişli amallar.
23-nji soragnama
1. Tablisanyň düzümi: öýjükler, sütünler, setirler.
2. Simwol ululyklaryň üstünde geçirilýän amallar.
3. Amaly ýumuş: HTML-de tablisalar bilen işlemäge degişli amallar.
24-nji soragnama
1. Elektron tablisada berlenleriň görnüşleri.
2. Setir ululyklar.
3. Amaly ýumuş: programmirleme gurşawynda proseduralary we funksiýalary peýdalanmaga degişli amallar.
25-nji soragnama
1. Berlenleri (san, tekst, formula) girizmek we redaktirlemek.
2. Setir ululyklaryň üstünde geçirilýän amallar.
3. Amaly ýumuş: programmirleme gurşawynda faýly açmaga, okamaga ýa-da ýazmaga, ýapmaga degişli amallar.
DÖWLET UMUMYBILIM EDARALARYNDA JEMGYÝETI ÖWRENIŞ DERSINDEN JEMLEÝJI DÖWLET SYNAGYNYŇ SORAGNAMALARY
1-nji soragnama
1. Jemgyýeti öwreniş dersi we ony öwrenmegiň ähmiýeti.
2. Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy.
2-nji soragnama
1. Iş hereketleri düşünjesi we onuň görnüşleri.
2. Ortalyk synp we onuň kemala gelşiniň aýratynlyklary.
3-nji soragnama
1. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti.
2. Syýasat düşünjesi.
4-nji soragnama
1. Jemgyýet düşünjesi.
2.Ykdysady bäsdeşlik we onuň görnüşleri.
5-nji soragnama
1. Ylmy akyl ýetiriş.
2. Ekologik aň we ekologik medeniýet.
6-njy soragnama
1. Islegler we bähbitler.
2. Häzirki döwrüň ekologik meseleleri we olaryň sebäpleri.
7-nji soragnama
1. Adam, indiwid, şahsyýet.
2. Häkimiýet düşünjesi (mazmuny).
8-nji soragnama
1. Hakykylyk we onuň ölçegi. Galat.
2. Türkmenistanda hukuk döwletiniň kemala gelmegi.
9-njy soragnama
1. Türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklary.
2. Döwleti dolandyrmagyň görnüşleri we döwlet gurluşy.
10-njy soragnama
1. Jemgyýetçilik durmuşynyň esasy gurşawlary.
2. Türkmenistanda adamyň we raýatyň azatlyklary, hukuklary we borçlary.
11-nji soragnama
1. Ylym we tehnika düşünjeleri.
2. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar esasynda döwlet syýasatynyň amala aşyrylyşy.
12-nji soragnama
1. Sungat düşünjesi we onuň wezipeleri.
2. Türkmen halkynyň millet hökmünde kemala gelmeginiň aýratynlyklary.
13-nji soragnama
1. Köpçülikleýin habar beriş, aragatnaşyk we maglumatlar serişdeleri.
2. Döwlet býujeti we salgytlar.
14-nji soragnama
1. Innowasion tehnologiýalar.
2. Industrial jemgyýet we onuň alamatlary.
15-nji soragnama
1. Bilimiň görnüşleri, basgançaklary we wezipeleri.
2. Formal we formal däl toparlar.
16-njy soragnama
1. Şahsyýetiň sosial statuslary we rollary.
2. Bazar gatnaşyklary.
17-nji soragnama
1. Jemgyýetçilik gatnaşyklary we onuň görnüşleri.
2. Türkmenistanyň pensiýa ulgamy.
18-nji soragnama
1. Tebigy zehin, zehinlilik we geniallyk.
2. Türkmenistanyň demografik syýasaty.
19-njy soragnama
1. Duýgulaýyn akyl ýetiriş.
2. Etniki umumylyklar.
20-nji soragnama
1. Jemgyýetiň taryhy görnüşleri.
2. Halkara ynsanperwerlik hukugy.
21-nji soragnama
1. Medeniýet we onuň köpdürlüligi.
2. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy esaslary, aýratynlyklary we ähmiýeti.
22-nji soragnama
1. Progres we regres.
2. Saýlaw ulgamy barada düşünje. Saýlaw hukugy. Referendum.
23-nji soragnama
1. Hukuk bozulmalary we ýuridiki jogapkärçilik.
2. Ykdysady ulgamlar.
24-nji soragnama
1. Sowatlylyk, bilimlilik we intelligentlik.
2. Maşgala we çagalar.
25-nji soragnama
1. Türkmenistanda döwletiň türkmen halkynyň milli medeni mirasyny gorap saklamak bilen baglanyşykly alyp barýan syýasaty.
2. Jemgyýetiň syýasy durmuşy.
26-njy soragnama
1. Jemgyýetiň ewolýusion we rewolýusion ösüş ýollary.
2. Sosial adalatlylyk we sosial deňlik meseleleri.
27-nji soragnama
1. Maglumat jemgyýeti we onuň alamatlary.
2. Önümçilik. Paýlamak. Alyş-çalyş. Sarp ediş.
28-nji soragnama
1. «Paýhas çeşmesi» atly kitapda ahlak gymmatlyklary hakynda.
2. Döwlet, onuň alamatlary we wezipeleri.
29-njy soragnama
1. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby.
2. Nika we maşgala.
30-njy soragnama
1. Rasional akyl ýetiriş.
2. Türkmenistanda telekeçilik we onuň ösdürilmeginiň ähmiýeti.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi. Türkmenistanyň Milli bilim instituty
Çeşmesi: Turkmenmetbugat
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
Innovation Information Center. All rights reserved. 2024