Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky Halkara filosofiýa olimpiadasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda internet arkaly “Filosofiýa” ugry boýunça olimpiadany geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
1. Umumy Düzgünler
Şu Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara filosofiýa olimpiadasyny (mundan beýläk - olimpiada) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara filosofiýa olimpiadasynyň yzygiderli geçirmek Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyna doly geçendigini we ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda ukyplydygyny görkezer.
Halkara olimpiadalaryň geçirilmegi, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýardam eder.
Olimpiýadanyň maksady:
a. ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy magtumatlary alyş-çalyş etmek;
b. ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak;
c. häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünämenleri ýetişdirmek.
Olimpiadanyň wezipesi:
a) häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;
b) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýlak intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;
c) ýokary okuw mekdepleriň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak;
2. Olimpiadanyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
2.1 Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara filosofiýa olimpiadasyny guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
Guramaçylyk topary:
a) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara filosofiýa olimpiadasyny geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de olimpiadany guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
b) olimpiadany geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de usulyýet we gözükdiriji gollanmalaryny taýýarlaýar;
c) Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen olimpiadanyň meselelerini işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar;
3. Olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi
3.1 Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça bakalawr, hünärmen we magistr taýýarlyk ugurlarynda okaýan talyplary gatnaşyp biler.
3.2 Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleridir.
3.3 Olimpiada islendik ýokary okuw mekdebinden çäksiz talybyň gatnaşmaga rugsat berilýär.
3.4 Her bir gatnaşýan talyp https://iuhd.edu.tm internet sahypasy arkaly hasaba alynmalydyr.
3.5 Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde A we B derejede geçiriler:
a) A derejä-islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşyp biler;
b) B derejä- hünäri ykdysadyýet we dolandyryş ugurlarynda okamaýan talyplar gatnaşyp biler;
3.6 Olimpiada gatnaşýan talyp berilýän soraglary özbaşdak işlemeli. Olimpiada geçýän wagty gapdalyndaky ýoldaşy bilen gürleşmek, kitap we gazet makalalaryny ulanmak rugsat berilmeýär. Şu düzgüni bozan gatnaşyjy olimpiada gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.
3.7 Her bir gatnaşýan talyp topar ýolbaşçysy tarapyndan hasaba alynmalydyr.
3.8 Gatnaşýan ýokary okuw mekdebinden topar ýolbaşçy her dereje boýunça 5 talyba çenli hasaba goýmana hukugy bardyr.
3.9 Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdebi olimpiada 20 sany test soragy we 5 nazary sorag hödürläp biler. Hödürlenýän meseleler anyk çözüwi bilen guramaçylyk toparyna olimpiadanyň geçiriljek senesinden 20 gün öňünden ugradylmaly. Soraglar olimpiada gatnaşmaýan ýokary okuw mekdebinden ýa-da garaşsyz hünärmen tarapyndan teklip edilip biliner.
3.10 Teklip edilýän soraglar filosofiýanyň islendik ugruna degişli bolup biler. Olimpiadany gurnaýan ýokary okuw mekdebi hödürlenen meseleleriň içinden 30 sany test soragy we 4 sany nazary sorag saýlaýar. Her bir test soragy 2 utuk bilen bahalandyrylýar. Her bir nazary sorag 40 utuk bilen bahalandyrylýar. Ýagny bäsleşikde jemi 100 utuk gazanmak mümkinçiligi bar.
3.11 Gatnaşyjylar olimpiadanyň dowamynda 30 sany test soragy we 1 sany nazary sorag çözmeklik üçin 2 sagat wagt berilýär.
3.12 Olimpiadanyň eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylym-bilim edaralaryň wekilleri girer. Eminler toparynyň düzümini we onuň başlygyny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory tassyklaýar.
3.13 Eminler topary olimpiada gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.
3.14 Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe degişli talybyň toparynyň ýolbaşçysy eminler toparyna ýüz tutup biler.
3.15 Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.
4. Olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
4.1 Olimpiadanyň netijesi şahsy bäsleşikde toplanan utuklaryň jemi boýunça kesgitlenýär.
4.2 Olimpiadanyň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
4.3 Olimpiadanyň ýeňijileri: altyn, kümüş we bürünç medallar we degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.
4.4 Ýeňijileriň umumy sany gatnaşyjylaryň 30%-den geçmeli däldir. Diplomlar takmynan 1:2:3 gatnaşykda bolmaly.
4.5 Olimpiadada nazary meseläni doly çözen, ýöne baýrakly oruna mynasyp bolup bilmedik talyp höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglanylar.



















