Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky Halkara hukuk bäsleşigi
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Halkara hukuk” ugry boýunça bäsleşigni geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
1. Umumy Düzgünler
Şu Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara hukuk bäsleşigini (mundan beýläk - bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara hukuk bäsleşigini yzygiderli geçirmek Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyna doly geçendigini we ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda ukyplydygyny görkezer.
Halkara bäsleşigi geçirilmegi, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýardam eder.
Bäsleşigiň maksady:
a. ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy magtumatlary alyş-çalyş etmek;
b. ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak;
c. häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünämenleri ýetişdirmek.
Bäsleşigiň wezipesi:
a) häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;
b) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýlak intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;
c) ýokary okuw mekdepleriň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak;
2. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
2.1 Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara hukuk bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
Guramaçylyk topary:
a) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara hukuk bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
b) bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de usulyýet we gözükdiriji gollanmalaryny taýýarlaýar;
c) Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen bäsleşigiň meselelerini işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar;
3. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi
3.1 Bäsleşige Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça bakalawr, hünärmen we magistr taýýarlyk ugurlarynda okaýan talyplary gatnaşyp biler.
3.2 Bäsleşigiň resmi iş dilleri – türkmen we iňlis dilleridir.
3.3 Bäsleşige islendik ýokary okuw mekdebinden çäksiz talybyň gatnaşmaga rugsat berilýär.
3.4 Her bir gatnaşýan talyp https://iuhd.edu.tm internet sahypasy arkaly hasaba alynmalydyr.
3.5 Bäsleşik toparlaýyn bäsleşik görnüşde geçiriler we oňa dine hukuk we hukuk işi ugrunda bilim alýan talyplar gatnaşyp biler;
3.6 Bäsleşige gatnaşýan topar berilýän soraglary özbaşdak işlemeli. Bäsleşik geçýän wagty emeli aň ulanmak rugsat berilmeýär. Şu düzgüni bozan gatnaşyjy olimpiada gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.
3.7 Her bir gatnaşýan talyp topar ýolbaşçysy tarapyndan hasaba alynmalydyr.
3.8 Gatnaşýan ýokary okuw mekdebinden topar ýolbaşçy diňe bir topara ýolbaşçylyk etmäge we her bir topara 3 talyba çenli hasaba goýmana hukugy bardyr.
3.9 Bäsleşigi gurnaýan ýokary okuw mekdebi halkara hukugy bilen bagly gatnaşyjylara 1 sany nazary mesele hödürleýär.
3.10 Gatnaşyjylara bäsleşigiň resmi günlerinde 24 sagadyň dowamynda nazary mesele boýunça memorandum taýýarlama wagt berilýär.
3.11 Bäsleşigiň eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylym-bilim edaralaryň wekilleri girer. Eminler toparynyň düzümini we onuň başlygyny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory tassyklaýar.
3.12 Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.
3.13 Islendik gatnaşyjy toparyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe degişli toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna ýüz tutup biler.
3.14 Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.
4. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
4.1 Bäsleşigiň netijesi iň gowy ýazylan memorandum esasynda kesgitlenýär.
4.2 Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
4.3 Bäsleşigiň ýeňijileri: 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.
4.4 Ýeňijileriň umumy sany gatnaşyjylaryň 30%-den geçmeli däldir. Diplomlar takmynan 1:2:3 gatnaşykda bolmaly.
4.5 Bäsleşikde nazary meseläni doly derňän, ýöne baýrakly oruna mynasyp bolup bilmedik topar höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglanylar.



















