
News
205

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölümi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän «EDOXI TRAINING INSTITUTE» okuw merkezinde kiberhowpsuzlyk boýunça, ýagny «Programma üpjünçüliginiň goragy» hakynda okuwlary geçirmegi meýilleşdirýär.
Şeýle hem «Turkmenportala» habar berlişi ýaly, Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölümi tarapyndan Dubaý şäherinde ýerleşýän «Microsoft» we «Google» kompaniýalarynyň iş ýerlerine hem saparlary guramak meýilleşdirilýär.