Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümet Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

31.10.2024

79

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümet Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem öz gezeginde Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, strategik häsiýete eýedigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address