Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

EKOLOGIK ÇÄRE GEÇIRILDI

01.11.2024

153

EKOLOGIK ÇÄRE GEÇIRILDI

Ýaňy ýakynda, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan Aşgabat şäheriniň 161-nji çagalar bakja bagynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesle ekologik bilm we terbiýe bermek, olaryň ekologik sowatlylygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler üçin ekologik çäre geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiň Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak taýýarlygyň ugrunyň talyplary tarapyndan dürli oýunlar, goşgular, aýdymlar arkaly çagalara ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary, dünýäde we Türkmenistanda seýrek duş gelýän ýa-da ýitip barýan görnüşleri gorap saklamagyň we dikeltmegiň ähmiýeti barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle-de, çagalara dürli otag ösümliklerine we öý haýwanlaryna ideg etmek, daş töweregi arassa saklamak boýunça amaly endikler öwredildi (master klas geçildi).

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary döwlet we halkara derejesinde ekologiýa meseleleri boýunça geçirilýän dürli çärelere, bäsleşiklere yzygiderli işjeň gatnaşyp gelýärler. Uniwersitetde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler dünýä derejesinde ýokary baha eýe bolýar. Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ekologiýa, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak boýunça işleri bahalandyrýan “UI Green Metric” sanawynda hem öňdäki orunlary eýeleýär.

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address