
News
246

«Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyp ýaşlaryň arasynda iýmit önümleriniň sergi bäsleşigi uly dabaralara beslenip geçirildi. Bu serginiň esasy maksady uniwersitetde azyk önümleriniň täze tehnologiýalaryny hem-de biotehnologiýasyny ösdürmekden, talyplaryň telekeçilik hem-de pikirleri durmuşa geçirmek ukuplaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Serginiň dowamynda talyp ýaşlar “Iň gowy şireli içgiler”, “Iň gowy konditer önümleri”, “Iň gowy işdaaçarlar”, “Iň gowy suwuk naharlar”, “Iň gowy hamyrly naharlar” ýaly ugurlar boýunça öz aralarynda bäsleşdiler.
Iň gowy iýmit önümlerini kesgitlemek maksady bilen mugallymlardan we talyp ýaşlardan eminler topary döredildi. Eminler topary azyk önümleriniň taýýarlanylyşyna, tagamyna, hiline, daşky görnüşine, ekologik taýdan arassalygyna, gaýtadan ulanmak mümkinçiligine laýykda ýeňijileri kesgitlediler. Sergi bäsleşiginiň ýeňijileri diplomlar bilen sylaglanyldy hem-de bu ýeňijiler iýmit önümlerini taýýarlamak boýunça tekliplerini durmuşa geçirmäge mümkinçiliklere eýe boldular.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge hem-de döretmäge giň mümkinçiliklere ýol açýan Gahryman Alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys!
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti