Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

72 müňden gowrak türkmenistanly täjirçilik we söwda maksady bilen Özbegistana bardy

06.11.2024

51

72 müňden gowrak türkmenistanly täjirçilik we söwda maksady bilen Özbegistana bardy

2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Özbegistana täjirçilik we söwda maksady bilen baran daşary ýurtlularyň 64 göteriminden gowragyny türkmenistanlylar emele getirdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda 112,8 müň sany daşary ýurtly täjirçilik we söwda maksatlary bilen Özbegistana bardy. Şonuň 72,3 müň sanysy ýa-da 64 göterimi Türkmenistanyň raýatlarynyň paýyna düşýär. Şeýlelikde, goňşy ýurda täjirçilik we söwda maksatlary bilen barýan raýatlarynyň sany boýunça Türkmenistan birinji orny eýeledi. Şeýle-de bu sanawda ilkinji bäşlikden Täjigistan (31,5 müň), Owganystan (2,3 müň), Türkiýe (1 müň) hem-de Hytaý (0,9 müň) orun alypdyr.

Bilermenler soňky bir ýylyň dowamynda söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana barýan türkmenistanlylaryň sanynyň görnetin artmagynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has işjeňleşmegini sebäp edip görkezýärler. Munuň şeýledigini türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygy hem tassyklaýar.

Mundan ozal «Turkmenportal» 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 867,8 million dollardan gowrak bolandygyny habar beripdi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address