Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Aşgabatda ÝHHG-nyň “Geljegiň damjalary” atly Ýaşlar seminaryna gatnaşmak üçin bellige alyşlar kabul edilýär

06.11.2024

149

Aşgabatda ÝHHG-nyň “Geljegiň damjalary” atly Ýaşlar seminaryna gatnaşmak üçin bellige alyşlar kabul edilýär

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy Şweýsariýa Konfederasiýasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Aşgabatda “Suw-Azyk-Energiýa” mowzugy boýunça “Geljegiň damjalary” atly Ýaşlar seminaryny geçirýär.

Seminar Merkezi Aziýanyň suw, energiýa we azyk boýunça ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen.

Seminar interaktiw bölümçeler arkaly gatnaşyjylara başga ýurtlaryň bilermenleri we ýaş hünärmenleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer. Seminara 18-35 ýaş aralygyndaky, Türkmenistanda ýaşaýan, suw serişdelerini dolandyrmak, azyk senagaty, energetika we ekologiýa durnuklylygy ýa-da meňzeş ugurlar boýunça bilimi we iş tejribesi bolan ýaş hünärmenler gatnaşyp biler. Gatnaşyjylar gowy aragatnaşyk ukyplaryna eýe bolmaly hem-de seminaryň çärelerine, şol sanda maslahatlaşmalara we topar işine işjeň gatnaşmaga höwesi bolmaly.

Çäre iňlis we rus dillerinde alnyp barylar.

Gyzyklanma bildirýän gatnaşyjylar bellige alnyş görnüşini dolduryp, iňlis ýa-da rus dillerinde şahsy maglumatlaryny ugradyp, indiki soraglara bagyşlap iňlis ýa-da rus dillerinde gysga 1 minutdan uly bolmadyk wideoýazgysyny ýerine ýetirmeli:

“Siziň pikiriňizçe, sebitiňizde gysga we uzak geljekde suw, energiýa we azyk bilen baglanyşykly iň uly mesele haýsysy bolar?” Haýsy jogaplary tapyp bolardy?

“Sizi seminara gatnaşmaga näme höweslendirýär we siziň garaşýan netijeleriňiz?”

Bellige alnyşlar 2024-nji ýylyň 17-nji noýabra çenli kabul edilýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address