Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türkmen talyplary Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň Assosiasiýasynyň we ylmy-barlag merkezleriniň  VII Uniwersiadasyna gatnaşdylar

15.10.2024

103

Türkmen  talyplary Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň Assosiasiýasynyň we ylmy-barlag merkezleriniň  VII Uniwersiadasyna gatnaşdylar

2024-nji ýylyň 7-12-nji oktýabry aralygynda RF-niň Astrahan şäherinde Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň Assosiasiýasynyň we ylmy-barlag merkezleriniň VII Uniwersiadasy geçirildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan 2 talyp we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden 2 talyp, şu ýylyň 6-13-nji oktýabry aralygynda saparda bolup, sport ýaryşyna gatnaşdylar. 

Geçirilen ýaryşyň netijesinde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň Himiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda) taýýarlygyň ugrunyň 3-nji ýyl talyby Alsu Habibulina Sportuň ýeňil atletika (ylgamak) görnüşi boýunça 100 m aralykda 2-nji ýer, 200 m aralygy boýunça 2-nji ýer, uzynlygyna bökmek görnüşi boýunça 3-nji orna mynasyp boldy. 

Küşt görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda) taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Halynýazow Wepaly 3-nji orna mynasyp boldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport klubunyň başlygynyň w.ý.ý., tälimçi Orazow Maksat greble-indor boýunça 1-nji ýeri eýeläp, Hormat hatyna mynasyp boldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Gaýypnazarow Arslan erkekleriň arasynda suwda erkin ýüzmek we suwda ýüzmegiň brass görnüşleri boýunça (50m) 2-nji orunlara, geçirilen ýaryşda mynasyp boldy. 

Küşt görnüşi boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Gubataýewa Aýşe 2-nji orna mynasyp boldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address