Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistanyň Mejlisinde we DIM-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

27.11.2024

56

Türkmenistanyň Mejlisinde we DIM-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti hanym Pia Kaumanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda myhman Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeler, milli kanunçylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze derejä çykýandygyny we işjeň häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şol sanda parlamentara gepleşikleri ösdürmek we halkara bilermenler bilen pikir alyşmak üçin okuw maslahatlaryny bilelikde geçirmegiň we dowam etdirmegiň zerurlygy barada umumy pikir beýan edildi. 

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde parlamentara gepleşikleriň möhümdigini belledi we bu meselede Türkmenistanyň başlangyjy bilen Aşgabatda geçiriljek «ÝHHG-niň çäginde Parlament Diplomatiýasy: Dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahatyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Söhbetdeşler Aşgabatda geçiriljek bilelikdäki maslahatyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da berkemeginde we ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdiler.

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Pia Kaumanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Myhman «ÝHHG-nyň çäginde parlament diplomatiýasy: Dialog - abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada geldi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar syýasy, ykdysady-ekologiýa we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Bu ugurlarda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar bitarap Türkmenistanyň sebitleýin we halkara ykdysady ösüşiň bähbidine energetika howpsuzlygynyň we durnukly ulagyň häzirki zaman arhitekturasyny ösdürmäge ygrarlydygyny nygtadylar.

Hususan-da, Türkmenistan Owganystanyň iň ýakyn goňşy döwleti bolmak bilen, dostlukly ýurtda syýasy we ykdysady durnuklylygynyň üpjün edilmegi üçin halkara tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär hem-de jemgyýetçilik maksatly desgalarynyň muzdsuz gurluşygynda yzygiderli ýardam berýär.

Şeýle hem ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da sebitiň parlamentarlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar howpsuzlygy, energetikanyň ösdürilmegini, şeýle-de ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin umumy tagallalary utgaşdyrmagyň derwaýysdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, adam hukuklaryny goramak ugrunda tejribe alyşmak, demokratik institutlaryny pugtalandyrmak we kanunyň hökmürowanlygy babatynda özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address