Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

MA ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky 14-nji duşuşygy geçirildi

27.11.2024

74

MA ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky 14-nji duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky on dördünji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşyk Özbegistanyň Hökümetiniň goldawy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi (UNRCCA) tarapyndan guraldy.

Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, BMG-niň Owganystana kömek bermek boýunça missiýasynyň, BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurluşyk meseleleri boýunça departamentiniň, şeýle hem UNRCCA wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegine garadylar.

Şeýle hem Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensiýalar barada pikir alyşyldy. Şu nukdaýnazardan, şeýle duşuşyklaryň ýüze çykýan töwekgelçiliklere öz wagtynda jogap bermekde we bilelikdäki hereketleri täze kynçylyklara uýgunlaşdyrmakda aýratyn orun eýeleýändigi nygtaldy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address