Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Aşgabatda Visa kompaniýasy bilen 30 ýyllyk hyzmatdaşlyga bagyşlanan halkara forum geçirildi

28.11.2024

76

Aşgabatda Visa kompaniýasy bilen 30 ýyllyk hyzmatdaşlyga bagyşlanan halkara forum geçirildi

27-nji noýabrda “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda sanly hasaplaşyklar senagatynyň dünýä lideri Visa amerikan kompaniýasy bilen 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara forum geçirildi. Çäre türkmen hökümetiniň, Visa kompaniýasynyň wekilleriniň, şeýle-de maliýe tehnologiýalary ulgamynyň bilermenleriniň, işewürleriň we alym-ykdysatçylaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Türkmenistan bilen Visa kompaniýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri, şol sanda maliýe tehnologiýalary ulgamyndaky gazananalary ara alyp maslahatlaşmak hem-de howpsuz hasaplaşyk çözgütleri ornaşdyrmak meseleleri Forumyň gün tertibinde ýer aldy. Gatnaşyjylar halkara hasaplaşyk ulgamynyň Türkmenistan çygryndaky öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ösdürmek mümkinçiliklerine garadylar.

Visa kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljekki meýilleri barada Visa kompaniýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligi ösdürmek departamentiniň uly direktory Anton Borozdin gürüň berdi:

“Ilki bilen, bu Foruma “halkara” derejesini beren Türkmenistan Prezidentine we hökümetine öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Visa kompaniýasy Türkmenistan bilen eýýäm 30 ýylyň dowamynda hyzmatdaşlyk alyp barýar. Türkmenistandaky ilkinji hyzmatdaşymyz Döwlet daşary ykdysady işler banky boldy. Bu bank bilen bilelikde biz köpsanly taslamalary durmuşa geçirip, olar ilata kart bilen tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, ýurduň sanlylaşdyrylmagyna ýardam edýär hem-de maliýe inklýuziýany ösdürýär. Şu günki geçirilýän forum diňe bir Türkmenistanyň banklaryny däl, eýsem Merkezi Aziýanyň köpsanly banklaryny ýygnady.

Bu bolsa tejribe alyşmak, täze bilimleri almak, şeýle hem sebitimiziň çäklerinde täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin özboluşly meýdança boldy. Merkezi we Gündogar Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan Visa kärdeşlerimiz Türkmenistanda eýýäm ornaşdyrylan ýa-da ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan kompaniýanyň önümleri we hyzmatlary barada gymmatly bilimler we maglumatlar bilen paýlaşdyrlar. Ösüş meýilleri babatda biz hyzmatdaş-banklarymyz, ýagny Döwlet daşary ykdysady işler banky, “Senagat” we “Halkbank” banklary bilen ýurdy sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy hasaplaşyk tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de maliýe gurallary mümkinçiligini giňeltmek işini dowam etdireris”.

Bu Forumyň sanly maliýe hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen sanly hasaplaşyk we infrastrukturanyň ösüşi boýunça täze tendensiýalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin möhüm meýdança öwrülendigini bellemelidiris.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address