Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ DERS BÄSLEŞIKLERI JEMLENDI

28.11.2024

152

ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ DERS BÄSLEŞIKLERI JEMLENDI

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika, fizika we informatika boýunça ders bäsleşikleriň jemleri jemlendi. Onuň 2-nji tapgyrynda, ýagny 25-nji noýabrda matematika, 26-njy noýabrda fizika, 27-nji noýabrda informatika dersleri boýunça bäsleşikler guraldy.

Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili «Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda» Buýrugyny ýerine ýetirmek we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.

Düzgünnama laýyklykda, bäsleşik ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2 tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi.

15-16-njy noýabrda ders bäsleşiginiň 1-nji tapgyry geçirilipdi. Bäsleşigiň 2-nji — döwlet tapgyry S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda geçirildi. Onuň ýeňijileri medallar we Diplomlar bilen sylaglanar.

Matematika dersinden bäsleşigiň netijesi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Fizika dersinden bäsleşigiň netijesi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Informatika dersinden bäsleşigiň netijesi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address