Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

«Magtymgulynyň eserleriniň frazeologiýasy» atly okuw gollanmasy

28.11.2024

190

«Magtymgulynyň eserleriniň frazeologiýasy» atly okuw gollanmasy

Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly şahsyýetdir, maşgaladyr, jemgyýetdir, döwletdir. Akyldar şahyrymyzyň tutuş döredijiligi şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň we tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmeklige gönükdirilendir» diýen sözlerinden ugur alyp Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek bilen baglanyşykly döwletimizde düýpli işler alnyp barylýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy Tagandurdy Bekjäýew tarapyndan taýýarlanyp, «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologiýasy» atly okuw kitabynda şahyryň şygyrlarynyň dili, ulanan çeperçilik serişdeleri dogrusynda söhbet edilýär. Magtymgulynyň goşgularynda ulanylan her bir söz, durnukly aňlatma halkymyzyň taryhy, milli özboluşlylygy, ruhy ahwaly bilen gönüden-göni baglydyr.

Okatmagyň halkara tejribesine daýanyp, dilçi we edebiýatçy alymlaryň ylmy işlerine esaslanylyp taýýarlanylan bu okuw kitaby arkaly talyplar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine mahsus frazeologik sözleri öwrenerler.

Monografiýa hem-de Magtymgulynyň goşgularynyň gysgaça frazeologik sözlügi ýokary okuw mekdepleriniň dil we edebiýat fakultetleriniň mugallymlaryna, talyplaryna, aspirantlara, orta mekdebiň dil we edebiýat mugallymlaryna, şeýle-de Magtymgulynyň döredijiligi, türkmen diliniň taryhy bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Şeýle hem okaň: orient.tm

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address