Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Ynsan saglygy – döwletiň gymmatly baýlygy

22.10.2024

60

Ynsan saglygy – döwletiň gymmatly baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzda döwletiň hem-de jemgyýetiň iň gymmatlygy baýlygy hasaplanylýan ynsan saglygyny goramak ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridir. Bu babatda ýurdumyzda alnyp barylýan milli saglyk syýasaty Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan nusgalyk diýlip ykrar edilen syýasatdyr. Dürli hili sebäplere görä ýüze çykyp biläýjek keselleriň öňüni alyş işleriniň güýçlendirilmegi, bar bolan kesellerde ýokary derejede bejeriş işleriniň alnyp barylmagy, döwre gabat gelýän lukmançylyk tehnologiýalarynyň we enjamlaryň ornaşdyrylmagy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň öňe sürülmegi, ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda bedenterbiýe oýunlarynyň gurnalmagy, lukmançylyk ulgamynda zähmet çekýän hünärmenlere işlemek üçin ähli şertleriň döredilmegi Diýarymyzda alnyp barylýan saglyk syýasatynyň dabaralanmasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmakda birnäçe çäreler durmuşa geçirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek barasynda möhüm ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Raýatlara dürli hili kesellere garşy derman serişdeleriniň muzdsuz mugt berilmegi, bu derman serişdeleriniň ýokary hilli bolmagy hem-de öz wagtynda üpjün edilmegi, ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde köpugurly bejeriş-sagaldyş hassahanalarynyň, “Tiz kömek”, saglygy goraýyş hem-de anyklaýyş, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, bar bolan hassahanalaryň durkunyň täzelenmegi, saglyk ulgamynda zähmet çekmäge höwesli bolan ýaşlaryň döwrebap ýokary okuw jaýlarynda okap, bilim we ylym almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan saglyk döwlet syýasatynyň miweleridir. Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak öňe sürlüp, halk arasynda giňden goldaw tapýar.

Ynha ýaňy ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltli ensiklopediki kitabynyň 16-njy tomunyň peşgeş berilmegi hem, ynsan saglygy üçin edilýän atalyk aladalaryň biridir.

Türkmenistan Watanymyzda adam saglygyny döwletiň iň esasy baýlygy hasaplap, bu ugurda ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Sona BEKOWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 

Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address