Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan
Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en
slogan

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

“Binagärlikde materiallaryň öwrenilişi” atly okuw kitaby çap edildi

10.01.2026

1356

“Binagärlikde materiallaryň öwrenilişi” atly okuw kitaby çap edildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary B.Mämmedowyň, Ý.Myradowyň, B.Guwanjowyň, B.Serdarowyň we A.Garajaýewiň awtorlygyndaky ýokary okuw mekdepleri üçin “Binagärlikde materiallaryň öwrenilişi” atly okuw kitaby çap edildi. Okuw kitaby Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan redaktirlenildi.

292 sahypadan ybarat bolan okuw kitabynyň mazmunynda gurluşyk materiallarynyň häsiýetleri, görnüşleri, ulanylyş mümkinçilikleri hem-de olaryň binagärlik çözgütleri bilen özara arabaglanyşygy ylmy-nazary we amaly esasda giňden açylyp görkezilýär. Gurluşyk materiallarynyň fiziki, mehaniki, ýylylyk-tehniki, ykdysady hem-de estetiki aýratynlyklary yzygiderli seljerilip, tebigy we emeli materiallaryň toparlara bölünişi anyk mysallar arkaly düşündirilýär.

Şeýle hem, gurluşyk materiallaryny standartlaşdyrmagyň, unifisirlemegiň we modully gurluşyk ulgamynyň ähmiýetine aýratyn orun berilýär. Bu meseleler gurluşyk pudagynda ýokary hili, howpsuzlygy we ykdysady netijeliligi üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň gurluşyk kadalary bilen sazlaşyklylykda beýan edilýär. Şeýle hem energiýany tygşytlaýan, ekologik taýdan amatly gurluşyk materiallarynyň ulanylyşynyň ähmiýeti nygtalyp, bu ugurda alnyp barylýan döwlet maksatnamalarynyň ylmy binýady giňden açylýar.

Okuw kitabynda ýurdumyzyň häzirki zaman binagärlik desgalarynyň mysallarynyň getirilmegi milli binagärlik däpleriniň döwrebap inžener-tehniki çözgütler bilen sazlaşykly ösdürilýändigini aýdyň görkezýär. Bu ýagdaý ýaş hünärmenlerde watançylyk duýgusyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, şähergurluşyk syýasatyna ylmy taýdan düşünmäge hem ýardam berýär.

Mazmunynyň ylmy taýdan esaslandyrylanlygy, beýan edilişiniň düşnükliligi hem-de amaly ugra gönükdirilenligi bilen baglanyşykly bu okuw kitabyny diňe bir talyplar üçin däl, eýsem gurluşyk we gurluşyk materiallary önümçiligi bilen meşgullanýan hünärmenler üçin gollanma bolup biler.

Umuman aýdanyňda, “Binagärlikde materiallaryň öwrenilişi” okuw kitaby Türkmenistanyň bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, milli binagärlik mekdebini kämilleşdirmek hem-de döwrebap gurluşyk pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.