Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan
Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en
slogan

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Öňdebaryjy bilim işgärleri sylaglanyldy

12.01.2026

1095

Öňdebaryjy bilim işgärleri sylaglanyldy

2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde dabaraly çäre geçirildi.

Aýdym-sazly çykyşlara beslenilip geçirilen bu dabaraly çäre häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak taýdan uzak gözýetimleri nazarlaýan taryhy ösüşiniň meýillerinde ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda düýpli özgetmeleri dowamly amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan pedagogik işgärleri mertebelemek hem-de olaryň asylly zähmetini sylaglamak maksady bilen guraldy.

Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde, Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary hem-de gymmatly taglymatlary esasynda ylymly, bilimli, watansöýüji nesli kemala getirmekde döredijilikli zähmet çekýän, pedagogiki ylmyň we terbiýäniň häzirki zaman maglumatlary hem-de nazaryýeti esasynda bilim işini ýokary derejede guramakda aýratyn ussatlygy bilen tapawutlanýan  ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň uly topary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Hormat haty” hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.  

Bilşimiz ýaly, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde milli bilim ulgamynda düýpli özgertmeler dowamly amala aşyrylýar, ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň bilim giňişliginde mynasyp ornuny eýeläp, sazlaşykly ösýär. Halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, öňdäki orunlara eýe bolýan mekdep okuwçylarymyz hem-de talyp ýaşlarymyz döwletimiziň bilim edaralarynda berilýän bilimiň ýokary hilini, bäsleşige ukyplylygyny, netijeliligini öz gazanýan ýeňişleri bilen yzygiderli subut edýärler.

Dabaranyň dowamynda bilim ulgamynda gazanylýan üstünliklerde, ýetilýän her bir sepgitde eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri döwrebap bilimli, milli buýsançly, watansöýüji, zähmetsöýer nesiller edip kemala getirmekde ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynyň pedagogik işgärleriniň döredijilikli zähmetiniň aýratyn möhüm orny barada aýdylyp geçildi.     

Sylaglanan öňdebaryjy bilim işgärleri öz çykyşlarynda ýürek buýsançlaryny aýdyp, hormatly kärlerinde mundan bu ýana hem  yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde döredýän giň mümkinçilikleri üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

         

                                                 Taýýarlan: Aşyrgeldi Ataýew,

                                                “Bilim” žurnaly.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.