Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan
Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en
slogan

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

“2025-2026-njy okuw ýylynyň II ýarymynyň ilkinji okuw sapagy “Garaşsyz, baky Bitarap türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ady bilen geçirildi

11.02.2026

783

“2025-2026-njy okuw ýylynyň II ýarymynyň ilkinji okuw sapagy “Garaşsyz, baky Bitarap türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ady bilen geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy geçirildi. Ol «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen guraldy.  

Ilkinji umumy okuw sapagynda halypa mugallymlar talyp ýaşlara hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýylynyň dowamynda ylym-bilim we beýleki ulgamlarda ýeten ajaýyp sepgitleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Sapagyň dowamynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip, atlandyrylmagy barada, 2026-njy ýylyň nyşanynda ýerleşdirilen her bir şekiliň many-mazmuny barada aýdylyp, her bir täze ýyla dakylýan atlar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýandygy barada talyp ýaşlara giňişleýin düşündirildi.

Ilkinji okuw sapagynda mugallymlaryň taýýarlan çykyşlary talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Ýaş nesillerde Watana bolan söýgüni we wepalylygy terbiýelemek, uly ösüşlere, guwandyryjy üstünliklere buýsanjy has-da dabaralandyrmak maksady bilen Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna sowgat eden “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň üsti bilen hem ilkinji okuw sapagynda birnäçe çykyşlar edildi.

Ilkinji okuw sapagyna gatnaşanlar özleriniň döredijilikli işlemekleri hem-de okamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.