
Новости
373

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy geçirildi. Ol «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen guraldy.
Ilkinji umumy okuw sapagynda halypa mugallymlar talyp ýaşlara hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýylynyň dowamynda ylym-bilim we beýleki ulgamlarda ýeten ajaýyp sepgitleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Sapagyň dowamynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip, atlandyrylmagy barada, 2026-njy ýylyň nyşanynda ýerleşdirilen her bir şekiliň many-mazmuny barada aýdylyp, her bir täze ýyla dakylýan atlar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýandygy barada talyp ýaşlara giňişleýin düşündirildi.
Ilkinji okuw sapagynda mugallymlaryň taýýarlan çykyşlary talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Ýaş nesillerde Watana bolan söýgüni we wepalylygy terbiýelemek, uly ösüşlere, guwandyryjy üstünliklere buýsanjy has-da dabaralandyrmak maksady bilen Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna sowgat eden “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň üsti bilen hem ilkinji okuw sapagynda birnäçe çykyşlar edildi.
Ilkinji okuw sapagyna gatnaşanlar özleriniň döredijilikli işlemekleri hem-de okamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.