
News
39

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni beýik ösüşlere, şanly wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslenýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän asylly işler halkyň bähbidini nazarlap, geljegimiz bolan ýaşlaryň bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär. Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi babatdaky taýsyz tagallalar we döredilýän şertler röwşen geljegimizi kepillendirýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly gymmatly çeşmesinde: « – Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen dürdäne sözleri talyp ýaşlaryň saýlap alan hünärinde ösüşleri gazanmakda, öňde goýan maksadyna ýetmekde, sungatda alyp barýan döredijilik işlerine uly badalga berýär.
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şekillendiriş sungaty ugrunda alty ýyl bilim alyp, hünär öwrenen uçurym talyplaryň diplom goragy üstünlikli geçirildi. Uçurymlar öz toplan bilimini we çeperçilik ukyplaryny şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk ugurlary boýunça döredilen giň mazmunly döredijilik eserleri bilen çykyş edip subut etdiler. Diplom işleri boýunça açyk goraglara medeniýet we sungat işgärleri, halk suratkeşleri, sungatda at gazanan işgärleri we şekillendiriş sungaty söýüjileri işjeň gatnaşdylar.
Uçurym talyplaryň döreden eserleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygaryna bagyşlanyp, Watanymyzyň dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy, milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, gözel tebigatymyzy, bagtyýar çagalygy, maşgala mukaddesligini wasp edýän «Türkmen diplomatiýasy», «Türkmeniň ahalteke bedewleri», «Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Bilimler we talyp ýaşlar güni», «Ak şäherim Aşgabat», «Bugdaý», «Kejebe», «Baky gözellik», «Taryhyň ýaňy» diýlip atlandyrylan diplom temalar boýunça ýerine ýetirildi. Her bir talyp saýlap alan temasynyň mazmunyny açyp görkezmekde erjellik bilen goraga gatnaşan halypalaryň öňünde üstünlikli çykyş etdiler. Diplom goragyna gatnaşan ussat halypalar talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren sungat eserlerine ýokary baha berdiler. Şeýle-de sungat ojagynda ýola goýlan halyp-şägirtlik ýörelgesi esasynda gazanylýan netijeli üstünlikleri dogrusynda pikirlerini beýan etdiler. Geljekde bu sungat eserleriň ýurdumyzda bellenilip geçiriljek baýramçylyklaryň bezegi bolup, sungat dünýäsiniň gözellikleriniň waspy hökmünde seslenjekdigi barada buýsançly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.
Bilbil ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy