Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmen talyplary Tokio şäherinde geçirilen gysga möhletli okuwlara gatnaşdylar

31.01.2024

103

Türkmen talyplary Tokio şäherinde geçirilen gysga möhletli okuwlara gatnaşdylar

Türkmen talyplary Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Merkezi (Japan’s International Cooperation Center, JICE) tarapyndan gurnalýan «MIRAI» okuw maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen gysga möhletli okuwlaryna gatnaşdylar. Has takygy, 2024-nji ýylyň 16 — 22-nji ýanwary aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen gysga möhletli okuwlarda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Nowruz Nurberdiýew we Dursunjemal Ýylkybaýewa, hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Serdar Rahymow türkmen talyplaryna wekilçilik etdiler.

Ýaponiýanyň «MIRAI» okuw maksatnamasynyň geçiren gysga möwletli okuwlarynyň mowzugy «Hukugyň hökmürowanlygy» («Rule of Law») diýlip atlandyrylyp, oňa Merkezi Aziýa we Kawkaz döwletlerinden hukuk ugrundan bilim alýan we hukuk ulgamynda işleýän 24 sany ýaş hünärmen we talyp gatnaşdy «MIRAI» gysga möhletli okuw maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde, Keio Uniwersitetiniň Hukuk fakultetinde, Nişimura&Asahi hukuk firmasynda, Ýaponiýanyň Ýokary Kazyýetinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Uzak Gündogar boýunça Jenaýatyň öňüni almak we jenaýatçylara çemeleşmek boýunça Institutynda (United Nations Asia and Far East Institute for the Prevention of Crime and the Treatment of Offenders – UNAFEI), Ýaponiýanyň Adalat ministrliginiň Halkara Adalat Merkezinde (International Justice Center of the Ministry of Justice) gurnalan okuw sapaklaryna, seminarlara işjeň gatnaşyp, Ýaponiýanyň kanunçylygy we Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri, «Hukugyň hökmürowanlygy» mowzuklary boýunça bilim aldylar.

Okuw meýilnamasyndan başga-da, maksatnama gatnaşyjylara Ýaponiýanyň taryhy, baý medeniýeti we özboluşly däp-dessurlary bilen içgin tanyşmak üçin hem mümkinçilik döredildi.

Bu maksatnamanyň jemleýji gününde, oňa gatnaşyjylar Ýaponiýanyň baý medeni mirasy, taryhy we däp-dessurlary, «Hukugyň hökmürowanlygy» diýen mowzuk boýunça öwrenen maglumatlary barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde hasabat bilen çykyş etdiler we maksatnama gatnaşyjylara gysga möhletli okuwlary üstünlikli tamamlandyklary üçin degişli şahadatnamalar gowşuryldy.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address