Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Aýratyn tapawutlanan ýaşlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy

27.12.2023

143

Aýratyn tapawutlanan ýaşlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy

Şu gün ýurduň aýratyn tapawutlanan ýaşlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda tutanýerli zähmeti bilen Watanyň abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşan ýaşlaryň uly topary Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Bu barada «Watan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň uly mejlisler zalynda geçirilen dabara Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar, dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdy.

Dabarada, ilki bilen, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýaş serkerdeleri sylaglanyldy.

Soňra Arkadag şäheriniň gurluşygynda tapawutlanan ýaşlar sylaglanyldy.

Dabarada Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileri hem sylaglanyldy. Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar bu bäsleşige beýik akyldaryň edebi mirasyny, paýhas hazynasyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işlere bagyşlanan goşgularyny, makalalaryny, hekaýalaryny, gazet-žurnallaryň, kitaplaryň bezeg işlerini, aýdym-saz, heýkel, keramika, nakgaş, grafika eserlerini, haly we haly önümlerini, pýesalaryny, wideoşekillerini, dokumental we çeper-publisistik filmlerini hödürlediler.

Şu ýyl futbol boýunça ýurduň çempionatynda hem-de Kubogynda ýeňiji bolan «Arkadag» toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan MAN kysymly awtobus sowgat berildi.

Kuraş boýunça dünýä çempionatynda altyn medal gazanan türgenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Toyota Fortuner» kysymly awtomobiller gowşuryldy. Pälwanlary dünýä çempionatyna taýýarlan tälimçiler Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewa «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy hem-de «Toyota Camry» awtoulagy bilen sylaglandy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address