Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistan ikinji milli emeli hemrany uçurmagy meýilleşdirýär

25.12.2023

225

Türkmenistan ikinji milli emeli hemrany uçurmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew şu ýylyň 14-15-nji dekabrynda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde geçirilen deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrler maslahatynda telekommunikasiýa hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmak maksady bilen ikinji milli emeli hemrany uçurmak ädimini Türkmenistanyň öň­ünde goýýan möhüm wezipeleriniň biri hökmünde görkezdi.

Batyr Annaýew sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly global söwdany we baglanyşyklary özgertmäge bagyşlanan mejlisde eden çykyşynda ýurduň innowasion-tehnologik, ulag-logistik infrastrukturany güýçlendirmegi, bank çözgütlerini integrasiýalaşdyrmagy wajyp wezipe hökmünde görýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary erkin ykdysady zolaklary işjeňleşdirmegiň, ykdysady gurluşyň dürlüligini höweslendirmek üçin senagat toparlaryny döretmegiň, hem-de gözleg we ösüş taslamalaryna maýa goýumlarynyň ep-esli artdyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.

Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrler maslahaty 30-dan gowrak ýurtdan wekiliýetleri we halkara guramalaryň wekillerini bir meýdança jemledi. Nobatdaky duşuşyk 2024-nji ýylyň iýun aýynda Ruandanyň paýtagty Kigali şäherinde geçiriljek deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň öň ýanyndaky taýýarlyk tapgyry bolup durýar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address