Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmen wekiliýeti СOP-28 maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Ýaşlar we bilim: Howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýaşlaryň mümkinçilikleri» atly çärä gatnaşdy

19.12.2023

99

Türkmen wekiliýeti СOP-28 maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Ýaşlar we bilim: Howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýaşlaryň mümkinçilikleri» atly çärä gatnaşdy

Dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti BAE-niň Dubaý şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň wekilleri СOP-28 maslahatynyň çäklerinde azyk üpjünçilik ulgamyny, daşky gurşawy goramagyň maliýeleşdirilmegini özgertmek, howa şertlerini nazara almak bilen, ekologik ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan çärelere gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy «Turkmenportala» habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP-28) çäklerinde geçirilen «Ýaşlar we bilim: Howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýaşlaryň mümkinçilikleri» atly çärede Bilim ministrliginiň Ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy W.Gutlyýew, şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilermenleri Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Çäräniň dowamynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, onuň netijelerini aradan aýyrmaga, ekologik we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, saglygy goraýşa, «ýaşyl» energetika, tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga, galyndylary gaýtadan işlemäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara pikir alyşmalarda Türkmenistanly ýaşlaryň howanyň üýtgemegi bilen döreýän ýagdaýlaryň derejesini peseltmäge, bu babatda jemgyýetiň arasynda göreş çärelerini geçirmäge işjeň gatnaşýandygy barada aýdyldy. Şeýle hem howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň arasynda degişli ugurda bilimleri alyşmak üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip edildi.

Hususan-da Bilim ministrliginiň Ýaşlar syýasaty bölüminiň işi barada daşary ýurtlaryň wekillerine giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle hem, ekologiýa we tebigaty goramak babatdaky talaplaryň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanda iri düzümleýin we şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hem esasy şerti bolup durýandygyny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheri mysal getirildi. Bu pikir alyşmalar daşary ýurtly ýaşlarda uly täsir galdyrdy we aýratyn gyzyklanma bilen diňlenildi hem-de gyzgyn garşylandy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address