Täze iri gurluşyk toplumynyň – Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bu ýerde bina edilen “Akhan” binasyndan badalga alar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine bolan iş saparyna salgylanyp habar berýär.
Ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň hormatyna ýadygärlik türkmen halkynyň Milli Lideri başlangyjy esasynda bina edilip, ol halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine ählihalk söýgüsiniň nyşany hökmünde özniň kaşaňlygy we özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar.
Arkadag şäherinde açylyp ulanmaga beriljek desgalar bilen tanşyp, Gurbanguly Berdimuhamedow täze ilatly ýerde ýol-ulag düzüminiň işini netijeli ýola goýmalydygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belläp, degişli ýolbaşçylara bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli taýýarlyk işlerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Çeşme: https://orient.tm/tm/post/55319/arkadag-saherinin-acylys-dabarasy-akhan-binasyndan-badalga-alar