Russiýada 2030-njy ýyla çenli ähli köçe-ýol toruny sanlylaşdyrmak meýilleşdirilýär
12.06.2023
6
Russiýada ähli köçe-ýol toruny sanlylaşdyrmak isleýärler – diýip, «Sanly ýollar» kompaniýasynyň baş direktory Aleksandr Demin Hanty-Mansiýskide geçen XIV halkara IT-forumynyň çäklerindäki tehnologiýalar sergisinde habar berdi.
«Russiýada 2030-njy ýyla çenli ähli köçe-ýol toruny sanlylaşdyrmak meýilleşdirilýär — bu 1,5 mln km. Soňra desgalaryň ýagdaýynyň awtomatiki usulda monitoringini geçirmek, hususan-da, ýol çyralarynyň, ýol belgileriniň, germewleriň, ýol gyra daşlarynyň, duralgalaryň» – diýip, Demin beýan etdi.
«Awtodiskaweri» programma üpjünçiligi hünärmenlere ýol-ulag infrastrukturasynyň desgalarynyň tehniki ýagdaýyndaky üýtgemelere tiz jogap gaýtarmaga mümkinçilik berer. Mysal üçin, onuň kömegi bilen zerur ýol belgileriniň ýoklugyny ýüze çykaryp bolar.
«Infrastrukturanyň wirtual nusgalary wakany belläp alýan emeli intellektden peýdalanmak arkaly döredilýär. Soňra hünärmenler olary kada ýagdaýyna getirmegiň möhletini kesgitleýärler» – diýip, «Sanly ýollar» kompaniýasynyň baştutany aýtdy.
Häzirki wagta çenli ýokarda agzalan kärhana tarapyndan Russiýanyň 29 sebitindäki 70 şäheriň we 40 müň km ýoluň sanlylaşdyrylandygyny belläp geçmelidiris.