Mikroshemalaryň topologiýasyna aýratyn hukuk Türkmenistanda 10 ýyla çenli kemeldildi
08.06.2023
10
Indi Türkmenistanda integral mikroshemalaryň topologiýasyna aýratyn hukuk 10 ýyla deňdir, bu hem halkara hukuk ölçeglerine gabat gelýär.
Integral mikroshemalaryň topologiýasy – bu material göterijidäki biri-biri bilen özara baglanyşykly mikroshemalaryň elementleridir (kompýuterlerdäki, noutbuklardaky, hasaplaýjy gurluşlardaky we ş.m.).
Täze düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen kanundan gelip çykýar – diýip, TDH habar berýär.
Täze kanunçylyk taslamasynyň teksti şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edildi.
Integral mikroshemalaryň hukuk goraglylygyny amala aşyrmaga niýetlenilen resminama laýyklykda ondan öňki şuňa meňzeş 1994-nji ýylda kabul edilen kanun öz güýjüni ýitirdi. Ozal ýurtda mikroshemalaryň topologiýasyna aýratyn hukuga ony dörediji öz ömrüniň dowamynda we ölüminden soňra 50 ýylyň dowamynda eýe bolýardy.
Täze kanunda indi şeýle hukugyň topologiýa döredilenden soňra 10 ýyla deň boljakdygy aýdylýar. Möhleti gutarandan soňra topologiýa jemgyýetçilik eýeçiligine geçýär we ondan hemmeler erkin peýdalanyp bilýärler. Şeýle ýagdaý dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda ABŞ-da, Russiýada, Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda göz öňüne tutulandyr.