ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Türkmenistanda bilim boýunça kiçi-ýarmarka geçirerler
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamak isleýänler üçin ajaýyp mümkinçilik döredi. 9-njy we 16-njy iýunda Aşgabatda bilim boýunça kiçi-ýarmarka geçiriler, onuň çäklerinde Amerikanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri türkmenistanlylary ummanyň aňyrsyndaky bilim ulgamy, ýüz tutmalary tabşyrmagyň tertibi, şeýle hem daşary ýurtly dalaşgärler üçin stipendiýalar bilen tanyşdyrarlar.
Türkmenistana Kent döwlet uniwersitetinden (Kent State University) we Montana Billings ştatyndaky uniwersitetden (Montana State University Billings) wekiliýetler geler.
Sessiýalar Aşgabatdaky Amerikan geňeşiniň binasynda şu salgyda geçiriler: Görogly köçesi, 48 A. Isleg bildirýänler ýokarda ady agzalan uniwersitetleriň wekilleri bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp bilerler we özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip bilerler.
Montana ştatynyň Billingsdäki döwlet uniwersiteti ululygy boýunça ştatyň üçünji uniwersitetidir. Häzirki wagtda uniwersitet özüniň bäş kollejinde şahadatnamalary almak, kiçi hünärmen derejesini, bakalawr we magistr derejesini almak üçin 100-den gowrak ýöriteleşdirilen maksatnamalary teklip edýär.
Kent döwlet uniwersiteti dereje almak üçin 300-den gowrak maksatnamany hödürleýär, olaryň arasynda 250 bakalawriat maksatnamasy, 40 assosirlenen, 50 magistrlik we 23 doktorlyk okuw maksatnamasy bar. Olar şepagat uýalarynyň/doganlarynyň işini, işewürligi, taryhy, kitaphana işini, aeronawtikany, žurnalistikany öz içine alýar.