Gözleg işleri üçin täze robot-ary döredildi
ABŞ-nyň Waşington unuwersitetiniň inženerleri ugruny üýtgetmäge we hakyky arylar ýaly hereket etmäge ukyply robot-ary döretdiler. Enjamy ösümlikleri tozanlandyrmak we gözleg-halas ediş işleri üçin ulanmakçy bolýarlar diýip, «MIR 24» ýazýar.
Alymlaryň sözlerine görä, roboty döretmekde iň çylşyrymly iş: arynyň uçuşyny we gonuşyny sazlamak üçin dolandyryş ulgamyny döretmek bolupdyr.
«Dolandyryş işi matematiki bolmak bilen, biz emeli aň kimin bir ulgamy döretmeli bolduk. Käbir adamlar şeýle işläp düzmeleri gizlin hasaplaýarlar, emma olarsyz enjam işlemezdi» diýip, unuwersitetiň Maşyngurluşyk we materiallary öwrenmek mekdebiniň professory Nestor Peres-Aransibiýa gürrüň berýär.
Agramy 10 milligram bolan adaty arydan tapawutlylykda, robot-ary 95 milligramdyr we ganatlaryny 33 mm gerýär. Ol bir gezekde özbaşdak bäş minut uçup bilýär diýip, «Studyfinds» neşiri ýazýar.