Yrak Respublikasynda orta mekdep synaglary döwründe tutuş ýurt boýunça internet öçüriler
Yrak Respublikasy orta mekdep okuwçylary üçin synag günlerinde tutuş ýurt boýunça internet toruny öçürmek kararyna geldi. Bu hakynda ýurduň Bilim ministrliginiň beýanyna salgylanyp, «Alsumaria» teleýaýlymy habar berýär.
Ministrler Geňeşiniň gelen netijesine görä, synag döwründe okuwçylaryň ünsüni deslapky synaga jemlemek, şeýle-de synaglary dogruçyl we üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, synag günleri sagat 4-den 8-e çenli aralykda internet ýapylar.