Türkmen we rus alymlary Goňurdepede ozal görülmedik tapyndylary ýüze çykardylar
Türkmen-rus Margiana arheologik ekspedisiýasynyň alymlary Goňurdepedäki 31 jaýlamanyň süňk galyndylaryny derňeýärler, şeýle hem gadymy şäheriň ilatynyň gürlügini ýüze çykarmak üçin ilatly ýerleriň agtaryş-barlag işlerini alyp barýarlar.
Maddy medeniýet institutynyň, RYA-nyň Mineralogiýa institutynyň bilermenleri, şeýle hem Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň we muzeýleriniň bilermenleri eýýäm mineralogiki barlagy geçirdiler we Goňur — 2 we Goňur — 3 ilatly ýerlerinde gadymy metal önümçiligini öwrendiler – diýip, RYA-nyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň saýty habar berýär.
Barlanylýan gatlaklarda ilkinji gezek mis magdanynyň nusgalarynyň ýüze çykarylandygy habar berilýär. Gadymy köşgüň we Goňur galasynyň çäklerinde dikeldiş işleri geçirildi, bu ýerde 2019-njy ýylda tapylan meşhur nakgaşlyk kompozisiýasy bolsa Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde dikeldiş işleriniň geçirilýän tapgyrdadyr.
Şäheriň gadymy ýaşaýjylarynyň adam jaýlamak medeniýetiniň ajaýyp elementleriniň ilkinji gezek tapylandygy bellenilýär, hususan-da — mazaryň üstünde goýulýan desgalar we mazar daşynyň ozal görülmedik formalary ýüze çykaryldy.
Başga ähmiýetli tapyndylaryň arasynda — nämälim şekili bolan tumar-möhür, gurbaga şekilinde we beýleki ýerde-suwda ýaşaýjylaryň şekilinde güberçegi bolan ajaýyp keramika gaplar, şeýle hem sünjülen toýun fragmentleri bolan palçykdan ýasalan şarlar bar.