«Gazpromneft— çalgy ýaglary» üçin täze awtoulag ýaglaryny indi emeli intellekt oýlap tapýar
Motor ýaglarynyň köp düzüm bölekli taýýarlaýyş usullaryny döretmek üçin «Alhimik» sanly ulgamy täze önümi işläp düzmekden başlap, ony senagat önümçiliginde öndürmäge badalga bermäge çenli wagty ýarym ýyldan 1-2 aýa çenli gysgaltmaga mümkinçilik berýär.
Motor ýagynyň täze taýýarlaýyş usulyny almak üçin ulgama ulanyjy tarapyndan materialyň esasy görkezijileri, ýagny şepbeşiklik, dykyzlyk, aşgarlylyk sany we ş.m. grizilýär. Şeýle hem bu çalgy materiallarynyň ulanyljak awtoulag enjamynyň aýratynlyklary hem görkezilýär.
Şondan soňra maşyn okuwynyň algoritmini ulanyp, «Alhimik» sanly platformasy zerur bolan häsiýetnamalaryň toplumyny eýýäm bar bolan ylmy-barlag bazasy bilen deňeşdirýär. Şeýle edip, ulgam çalgy materiallarynyň esasynyň has netijeli utgaşmalaryny awtomatik usulda berýär, olar soňra hünärmenler tarapyndan hem barlaghana şertlerinde, şeýle hem hakyky şertlerinde synag edilip görülýär.
Bu tehnologik işläp taýýarlamanyň motor, transmissiýa we gidrawliki ýaglaryň 200-den gowrak taýýarlanyş usulyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berendigini belläp geçmelidiris.