Tekstleriň hiç ýerden alynmandygyny barlaýan «Antiplagiat» programmasy indi olaryň manysyny hem barlar
Ýüklenen tekstleriň hiç ýerden alynmandygyny barlaýan Russiýanyň «Antiplagiat» programmasy indi dünýäniň 100 dilinde elýeterlidir. Mundan başga-da, Milli tehnologiki başlangyçlar taslamalaryna goldaw bermek Gaznasynda belleýişleri ýaly, indi programma diňe bir tekstleri işlemän, eýsem onuň manysyny hem işlär - diýip, TASS habar berýär.
Ylmy işleriň, resminamalaryň we beýleki edebiýatyň gabat gelýänligini barlamaga niýetlenilen «Antiplagiat» ulgamynyň esasy wezipesi onuň «öz sözleriň» bilen ýazylan tekstleriň başlangyç maglumatlarynyň işlenilmeginiň netijelerini hasaplap bilmezligidi.
Indi bolsa programmanyň täsin algoritmleri birmeňzeş manyly elementleri Internetdäki 1 mlrd-dan gowrak tekst çeşmelerini monitoring etmegiň kömegi bilen berkitmäge ukyplydyr. Şeýlelik bilen, neýroanaliz neýrosetleriň üsti bilen ikinji işlemäni geçen tekstleri barlamaga mümkinçilik berýär.
Şol sebäpli, ylmy, kurs işleriniň we beýleki işleriň ýazylmagy emeli intellektiň kömegi bilen has ýokary hilli skanirlener we ulanyjylar ýöriteleşdirilen nýerosetleriň kömegi bilen ýazylan işleri ýükläp bilmezler.
Häzirki wagtda goşundy aýratyn hem GDA-nyň ýokary okuw mekdeplerinde giň meşhurlyga eýedir. Ony Türkmenistanda hem talyp olimpiadalarynda we beýleki tekst bäsleşiklerinde ulanýarlar.
«Antiplagiatyň» Latyn Amerika, Ýakyn Gündogar, Türkiýe we hatda Hindistan ýaly iri sebitleriň bazarlaryny eýeläp biljekdigi habar berilýär, olar dürli transmilli korporasiýalaryň internet-klasterine baýdyr.