«Spotify» aýdym-saz platformasy ýylyň I çärýeginiň netijeleri boýunça hasabat taýýarlady. Oňa laýyklykda, kompaniýa ilkinji gezek bir aýdaky ulanyjylarynyň sanyny 500 milliondan geçirmegi başardy. Şonda platformanyň işjeň ulanyjylarynyň sanynyň 515 milliona ýetendigi nygtalýar.
Bu täzelikler kompaniýanyň aksiýalaryny 5 göterim ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Geçen çärýekde kompaniýanyň girdejileri 3,04 milliard ýewro barabar bolupdy. Bu çärýekde bolsa girdejiniň 3,2 million ýewro barabar bolmagyna garaşylýar. Ulanyjylaryň sanynyň artýandygyna garamazdan, girdejileriň azalmagyna dünýädäki makroykdysady görkezijileriň täsir edendigi mälim edilýär.
Kompaniýanyň maksadynyň 2030-njy ýyla çenli serişde dolanyşygyny 100 milliard ýewro ýetirmekdigi we 1 milliard ulanyjy gazanmakdygy aýdylýar.
Biz saýtymyzda bu platformadaky iň köp diňlenýän türkmen aýdymçylary barada owal habar beripdik.