Halkara gatnaşyklary institutynda «Açyk gapylar» güni geçirildi
Şu gün — 25-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa instituta berkidilen Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy we 21-nji ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylary, şeýle-de bu bilim ojagyna okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synpyň okuwçylary, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar we okuwa girmäge isleg bildirýän raýatlar gatnaşdylar.
«Açyk gapylar» gününde ýaşlar we ýetginjekler institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky stendler, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanyşdylar.
Institutyň ýaş myhmanlary bu ýerde geçirilýän rus dili hepdeliginiň çäginde guralan sergi-ýarmarka-da gatnaşdylar. Soňra institutyň kiçi mejlisler zalynda institut bilen tanyşlyk duşuşygy geçirildi.