Türkmenistanda ýokary tehnologiýalaryň halkara bäsleşigine ýüz tutmalar kabul edilýär
31.03.2023
12
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabry aralygynda ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlaryň arasynda "Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar" atly halkara bäsleşik geçirýär.
Bäsleşigiň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.
Bäsleşigie hödürlenilýän ylmy-barlag işleri ylmyň aşakdaky ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda kabul edilýär:
1) nanotehnologiýalar;
2) himiki tehnologiýalar;
3) täze materiallary öwrenmek;
4) energetika;
5) biotehnologiýa;
6) molekulýar biologiýa;
7) oba hojalygy;
8) ekologiýa;
9) genetika.
Bäsleşige gatnaşmak üçin degişli resminamalar 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul edilýär.
Ylmy-barlag işleri bahalandyrmak we jemini jemlemek daşary ýurt döwletleriniň hem-de Türkmenistanyň alymlaryndan düzülen Eminler topary tarapyndan amala aşyrylýar. Eminler toparynyň düzümi Guramaçylar tarapyndan tassyklanylýar.
Birinji tapgyrda ylmy-barlag işleri seljerilýär hem-de wajyplygyna görä saýlananlar indiki tapgyra geçirilýär.
Ikinji tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylar işiň mazmunyny doly açyp görkezmek üçin onlaýn görnüşinde diňlenilýär.